SÖHBETDEŞLIK

Akmuhammet Hanow: Bagtyma şaýat bolan Sungat

Ykbalyň ynsana eçilen tebigy baýlygy onuň zehinidir. Tutumly toýlaryň, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklaryň, teletomaşaçylaryň, radio deňleýjileriň göwün guşuny ganatlandyrýan ynsanlar bolsa ýürekden çykýan aýdymlary bilen halkyň kalbyna ýol salýar. Olaryň şirinden şirin aýdymlary adama ruhy güýç, köpçülikde özlerini alyp baryşlary ählimize nusgalyk mekdep bolup durýar. Ýurdumyzda şeýle hormatdan peýdalanýan, ýaşlara görelde bolýan halypalar, medeniýet we sungat işgärlerimiz sanardan köp. Olaryň biri-de özüniň dürli mowzuklardaky aýdymlary bilen ençe ýyllardan bäri Watanymyzyň medeniýet we sungat babatdaky ösüşlerine saldamly goşandyny goşup gelýän sungat ussadymyz, Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Hanow. Halypa bilen gürrüňdeş bolmak, okyjylarymyzy gyzyklandyrýan soraglary arkaly onuň bilen guran söhbetdeşligimiz örän ýakymly boldy. Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlaryna, il-halkyň hormatyna mynasyp bolan ynsan bilen gürrüňdeş bolmak, onuň döredijilikli ýoly barada söhbet etmek döwrümiziň ýaşlary üçin görelde mekdebidir. Pursatdan peýdalanyp guran söhbetdeşligimizi «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň üsti bilen okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Ilki bilen halypa saýtymyzyň döredijilik toparynyň çakylygyny kabul edip, biz bilen söhbetdeş bolanyňyz üçin köp sagbolsun aýdýarys.

Akmuhammet halypa, ilki bilen söhbetdeşligimiziň başyny sungat dünýäsine gelşiňiz barada başlaýsak.

Ilki bilen şu ömri bina edip, parahat ýurtda, agzybir maşgalamyň maşgalabaşysy bolup ýaşaýanyma şükür edýärin.

Elbetde her bir ynsan dünýä inip kemala gelýär. Bütin ömründe bolsa jemgyýetde mynasyp ornuny tapmaga ymtylýar. Bu ymtylyş ynsany Watana, il-güne gerekli adam edýär. Hünärli bolmak we ol ugurda abraý bilen ýoluňy dowam etmek uly mertebe.

Men aýdym-saz älemine kiçilikden  başladym, çünki özümden uly iki agam sungat adamlarydy, Orazmuhammet we Annamuhammet Hanowlar. Türkmen maşgalasy hemmämize mälim toý tutsa uludan tutýar, şol toýlaryň bezegi, toýy gyzyklandyrýan adamlar bolsa medeniýet sungat işgärleri. Agalarym bilen kiçi wagtym toýda aýdym aýdardym.

Halypa-şägirtlik ýoly dogrusynda aýdaýsaňyz.

Halypa şägirtlik ýolunda mähriban Arkadagymyz bize görelde mekdebi bolýar. Baş halypamyzyň döredijiliginden çykan aýdymdyr sazlar biziň sungatymyza we halkymyzyň ruhy dünýäsine güýç-kuwwat berýär.  Döwlet işleriniň daşyndan wagt tapyp täze aýdymlary bilen halkymyzy begendirmesi, ählimiziň göwün guşumyzy galkyndyrýar, täze aýdymlary döretmegimize ylham berýär. Halypa şägirt üçin iň gadyrly ynsan bolýar.

Ýaşlykdaky halypalarym iki agam Orazmuhammet we Annamuhammet Hanowlar, gaýwana halypalarym Türkmenistanyň at gazanan artistleri Rejep Ulugow, Nurýagdy Tokgaýew. Adyny agzan halypalarym maňa sungat ýolumyň durmuş ýolum bilen baglanşykly bolmagyna mümkinçilik berdiler. Sebäbi bularyň geçen ýoly, olardan öwrenen hünär sapaklarym meniň hünär ýoluma ýolbelet boldy we bu ýolda abraýly menzillere ýetmegime sebäp boldy. Olaryň ýerine ýetiren aýdymlary diňe meniň üçin däl, eýsem ähli halk tarapyndan gyzgyn garşylanyp, häzirki wagtda hem nusgalyk bolup adam aňynda ýaşaýar. Olaryň diňleýjileri, şägirtleri häli-häzirlerem dowamyny ýitirenok.

Şäherimizdäki 29-njy orta mekdebi tamamlap, çagalyk arzuwym meni D.Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebine getirdi. Ol ýerde 1 ýyl okap, harby gulluga gitdim, okuwymyň dowamyny harby gullugymdan soň dowam edip tamamladym. Soňra D.Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiniň wokal hünärini ele alyp, M.Täçmyradow adyndaky Filarmoniýada işe başladym.

Şägirdim öz ýegenim Röwşen Çaryýarow, 2004-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaňlan diýarym» bäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça ýeňijisi boldy.

Ilkinji ýerine ýetiren aýdymyňyz.

Ilkinji ýerine ýetiren aýdymym Türkmenistanyň at gazanan artisti Nurýagdy Tokgaýewiň «Derdiňden» aýdymy. Ol aýdymy men mekdepde okaýarkam ýerine ýetirdim. Halypam Nurýagdy Tokgaýewiň bu aýdymy meniň sungat ýolumyň başy boldy.

Sizi halk arasynda meşhur eden we ýüregiňize ýakyn görýän aýdymlaryňyz.

Meşhurlyga ýetiren «Gaşy gara», «Gözlerim seni gözlär» aýdymlarym diýsek dogry bolar. Özümiň has-da gowy görýän aýdymym bolsa Magtymguly Pyragynyň sözlerine «Bady sabany görsem» aýdymy. Köplenç şu aýdyma hiňlenýärin. Bu aýdymlary men diňe bir sebit çäginde däl, daşary ýurtlara sapara gidenimizde-de höwesli ýerine ýetirýärin.

Akmuhammet halypa ýurdumyzda medeniýet-sungat adamlaryna uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz diňe bir öz ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda hem türkmen medeniýetini, sungatyny açyp görkezmäge mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa her bir sungat işgärlerini döredijilikli zähmet çekmeklerine ruhlandyrýar.

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda medeniýet, sungat işgärlerine öz işlerimiz boýunça Watanymyzyň abraýyna mynasyp goşant goşmaklyga ähli mümkinçlikler döredilýär. Işiň iň gowusy Watan üçin eden hyzmatyň hasaplanylýar. Munuň şeýledigini bolsa, özge ýurduň howasyndan dem alan pursadyň, Eziz Watanyň adyndan mukaddes sahnalarda çykyş eden pursadyňda göz ýetirýärsiň.

Ýylyň ýylyna medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda dünýäniň dürli künjeklerinde halkymyzyň medeniýet günleri we daşary ýurtlaryň medeniýet günlerini biziň ýurdumyzda geçirilmegi eýýäm ençe ýyl bäri däbe öwrüldi. Men hem şeýle mümkinçiliklere gözli şaýat bolup, birnäçe ýurtlarda ene dilimde buýsanjymy aýdymlarym bilen beýan etmek miýesser etdi.

Türkiýe döwletine birnäçe sapar gidip, ol ýerde geçirilýän medeniýet günlerine gatnaşdym, dünýäde iň uly ýurtlaryň biri Russiýa Federasiýasynyň Moskwa, Sankt-Peterburg, Astrahan, Stawrapol şäherlerinde bolup, ol ýerdäki türkmen-rus doganlarymyzyň arasynda konsert gurnap aýdymlarymyz bilen çykyş etdik. Mundan başga-da Germaniýa, Horwatiýa, Saud Arabystan, Katar, Belarus, Koreýa, Azerbaýjan, Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan, Owganystan, Eýran ýurtlarynda bolup, ol ýerlerde milli medeniýetimizi aýdymdyr sazlarymyz, milli tanslarymyz, milli lybaslarymyz bilen Türkmenistan döwletimiziň adyndan çykyş etdik.

Akmuhammet halypa tüweleme Jahankeşde aýdymçy bolupsyňyz. Eger mümkin bolsa, biz üçinem, okyjylarymyz üçin gyzykly pursatlaryňyzdan ýatlap geçäýseňiz.

Elbetde, her bir ýurda baranymyzda olaryň garşy alyşlary, özboluşly aýratynlyklary gyzykly we täsin pursatlaryň döremegine sebäp bolýar. Ýöne biz köplenç baran ýerlerimizde öz däp-dessurlarymyz bilen hem olary haýran galdyrmagy başarýardyk diýsem hakykatdan daş bolmasa gerek. Täjigistan  döwletine sapara gidenimizde  konsert berdik we ol ýerde Türkmenistan döwletimiziň adyndan çykyş edip, türkmen milli toý däp-dessurlaryny hakyky toý dabarasynda görkezdik. Täjigistanda şol güne sähedi bellenen türkmen ýaşlaryň durmuş toýuna şaýat bolduk we halkymyzyň toý däplerini şol toýda ýerine ýetirdik. Men şonda täze gelin gelende «Gelin gelýär» estarada aýdymym bilen toý dabarasyna gatnaşypdym. Özge mekanda onda-da öz watandaşlarymyzyň arasynda az pursatlygam bolsa türkmen dünýäsini ýaşadanymyza ýerli ilat hem, bizem begendik.

Mundan başga-da Aşgabat-Sankt Peterburg aralygy üçin howa ýolunyň açylyş dabarasyna gatnaşdyk. Mähriban Arkadagymyz ilkinji uçarda özi bilen bile medeniýet we sungat işgärlerini alyp gitdi. Aşgabatdan Sankt-Peterburg şäherine baryp we ol ýerde uly konsert berdik.

2016-njy ýylda bolsa Saud Arabystanda medeniýet günleri geçirildi we bu dabara ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň birnäçeleri gatnaşdylar. Şol ýeriň Er-riýad we Jeddah şäherlerinde konsert berdik. Ondan soňra Yslam dünýäsiniň ýüregi bolan Mekgä ýakyn bolansoň şol ýerdäki medeniýet günlerine gatnaşan ildeşlerimiz, kärdeşlerimiz bolup Umra Hajy parzyny ýerine ýetirdik. Bu bolsa meniň durmuşymda gadryna we hormatyna ýetip we ýatdan çykaryp bolmajak durmuşymyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Bu taryhy waka şaýat bolan her birimiz mähriban Arkadagymyza köp sagbolsunlary aýdýarys.

Akmuhammet halypa tüweleme musulman parzyňyzy ýerine ýetirenligiňiz we mukaddes ýerlere eden zyýaratlaryňyz kabul bolsun!

Sagboluň! Şeýle bagtly pursat ähli halkymyza miýesser etsin!

Akmuhammet halypa, sungat adamsy özünde nähili häsiýetleri jemlemeli?

Sungat adamlary duýguçyl bolýarlar. Sähel zada gynanyp, sähel zada begenip bilýärler. Bir zady pikir edenlerinde döredijilikli göz öňüne getirýärler, çünki olaryň pikir ýöredişleri adaty adamlardan tapawutly bolýar.

Adamkärçilikli, pespäl häsiýetli bolmaly. Olaryň durmuşynda bu häsiýetler baky ýaşamaly. Sebäbi medeniýet, sungat adamlary köpçülik bilen işleşýärler. Olaryň töwereginde mydama halk bolup, olar halkyň arasynda sungatlary boýunça tanalsalarda, adamkärçilik we pespällik häsiýetleri esasynda müdümilik ýaşaýarlar.

Mundan başga-da medeniýet, sungat adamlary mydama gözlegde bolmaly. Çünki gözlegleriň esasynda döredijilik ösýär we halkyň göwnünden turjak täze eserleriň döremegine sebäp bolýar. Gözlegde bolmak ― bu ösüşli ýollarda ýaşamak diýmekdir. Haçanda sungat  adamsy gözlegde bolanynda onuň döredijiliginiň göwrümi giň bolup, adamlara ruhy lezzet paýlaýar.

Durmuşda Sizi buýsandyrýan zat.

Ilki bilen Türkmenligime, parahat ýurduň ynsanydygyma buýsanýan. Maşgalamyň abatlygy, çagalarymyň arasynda bagtly durmuşda ýaşaýandygyma, hünär ugrum bolan sungat dünýäsiniň wekilidigime buýsanýaryn. Aslynda adama dünýäde bagtly bolmak üçin o diýen köp zat gerek däl. Ýurduň asuda bolsa, maşgalaň agzybir, jan saglyk bolsa, saçagyňda mele-myssyk nanyň bolsa şol ynsan üçin buýsançly duýgynyň döremegine sebäpdir.

Akmuhammet halypa, daşyňyzdan seredeniňde ýarym asyr ýaşana meňzemeýäňiz, eger mümkin bolsa ýaş galmagyň syryny aýdaýsaňyz.

Bu sorag bilen ýüzlenenler köp bolýar, menem oýun edip (degişme äheňinde) aýda bir gezek öýde sowadyjyda bir sagat oturýan diýip jogap berýärin. Aslynda adamyň ýaş görünmegi onuň durmuş ýagdaýyna, maşgalasynyň abadançylygynada baglymyka diýýän. Medeniýet we sungat işgärleri mydama toý baýramlarda, şadyýanlykda gezýärler. Şahyryň aýdyşy ýaly:

Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al,

Ylgap baryp, saglyk bilen erki al,

Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,

Soň tapylar galan zady zyňyp git.

 

Hözürli ýaşaýyşy bina etmek her kimiň öz elinde, diňe durmuş sahypalarda we işlerde ýalňyşmazlyk gerek.

Akmuhammet halypa, agzybir maşgalaňyz bilen tanyşdyraýsaňyz we çagalaryňyzdan aýdym-saz bilen gyzyklanýanlary barmy?

Maşgalam Nurtäç, 1 gyzym, 3 oglum bar. Gyzym Hansoltan  Türkmenistanyň ykdysadyýet we dolandyryş institutyny tamamlady. Gyzymdan 1oglan, 2 gyz agtygym bar.

Uly oglum Şamuhammet Türkmen döwlet medeniýet institutyny üstünlikli tamamlady, häzirki wagtda bolsa Watan öňündäki harby borjyny ýerine ýetirýär. Aýdym-saz bilen gyzyklanýar we meşgullanýar.

Ikinji oglum Ylhamaly 9-njy synp. M. Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep internadynda (RMŞ) klarnet hünäri boýunça okaýar.

Üçünji oglum Ýusup 6-njy synp ol hem M. Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep internadynda (RMŞ) tans hünäri boýunça okaýar.

Umuman maşgala agzalarym hem sungatdan daşda däl.

Ilkinji diňleýjileriňiz.

Ilkinji diňleýjilerim maşgalam. Täze aýdymlary işleýän we ilki bilen maşgalama diňledýän. Diňlänlerinden soň bolsa hersiniň pikirlerini aýratynlykda soraýan, bu ýagdaý ençe ýyllardan bäri gaýtalanyp duransoň maşgalamyzda sunagata baglanmadyk adam galmady diýsemem ýalňyşmaryn.

Sungat ýolunda kimler bilen işleşýärsiňiz?

Esasan men ýaşlykda döredijilik äleminde mynasyp möhür goýan Myrat Ömüriň şygyrlaryna döredilen aýdymlary aýdardym. Halypa şahyr ýaşan döwürleri döreden şygyrlary meniň we meniň ýaly ençeme aýdym aýdýan sungat işgärleriniň eserleriniň halk arasynda ýaşamagyna sebäp boldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda öz şahyrana dünýäsi bilen halkymyzyň arasynda uly hormatdan peýdalanýan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň, «Türkmeniň altyn asyr» bäsleşiginiň ýeňijisi Altyn Baýramdurdyýewanyň döredijiligindäki goşgular esasynda aýdym ýazgy edýärin.

Aýdymlarymyň sazlaryny ýaşlykdan bäri akardion saz guralynda çalýan sazlary bilen türkmen sungatynda uly yz goýan Türkmenistanyň halk artisti, Gurban Gurbanow halk arasynda Kurbik ady bilen tanalýan halypa sazanda, kompazitor bilen işleşdim. Ýaşlykdan agalarym bilen toý-tomaşalara bile giderdik we meniň hem sungat dünýäsindäki ilkinji ädimlerimi ätmegime halypa Gurban Gurbanow uly goldaw berdi we  bilelikde birnäçe aýdymlary ýazga geçirdik. Wagtyň geçmegi bilen ussat halypa maňa Myrat Ömüriň sözlerine döredilien döwrebap aýdymlary döredip berdi. Ol aýdymlardan «Watan», «Haly dokar gözeller», «Geler» diýen aýdymlar  bilen men ýurdumyzyň baýramçlylyk sahnalarynda yzygiderli çykyş edip geldim. Gurban Gurbanow maňa agalarym hatarynda halypalyk etdi. Meniň durmuşymda onuň orny örän uludyr.

Häzirki wagtda bolsa Omar Igamow, Merdan Ataýew, Mekan Jumaýew dagylar we başgada öz hünärlerine ussat ynsanlar bilen işleşýärin.

Halaýan reňkleriňiz.

Açyk reňklere köpüräk üns berýän. Ak, asman gök reňkleri halaýan.

Egin-eşik saýlawynda bolsa, gök we çal reňklere ýykgyn edýärin.

 Durmuşda iň ýakyn ynsanlaryňyz.

Maşgalam Nurtäç we çagalarym. Adamyň ýakyn ynsan hasaplaýan adamy onuň gowy, ýaman gününde gerdene düşen ýüki bile çekişen we duýgusyny we garaýşyny üýtgetmän mydama ýanyňda goldap gezen ynsan bolýar. Bu jümlelere bolsa sözümiň başynda agzan ynsanlarymy  mynasyp görýärin.

Akmuhammet halypa, siziň bilen söhbetdeşligimiz diýseň gyzykly we täsirli boldy. Ýene bir gezek çakylygymyzy kabul edip, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin saýtymyzyň adyndan köp sagbolsun aýdýarys.

Bilbiliň sesi kimin ýakymly owazyňyz parahat we erkana ýurdumyzyň toýdur baýramlarynda has-da belentde ýaşlansyn!

Maşgalaňyz abadan, abraýyňyz belent bolsun!

 

Hormatly Okyjylarymyz!

Biz Size Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Hanowyň  «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly täze şekilli aýdymyny ýetirýäris. Siz bu aýdymy şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyp tomaşa edip bilersiňiz!

 

 Şahsy maglumatlary:

Doglan güni, ýyly: 1968-nji ýyl, 09-njy aprel.

Doglan ýeri: Aşgabat şäheri.

Maşgalaly, 4 çagasy bar.

Işleýän ýeri: Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň ýokary derejeli artisti-wokalisti.

Ýeten üstünlikleri we alan Döwlet sylaglary:

1994-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaňlan diýarym» bäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça ýeňijisi.

2000-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti.

2007-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi.

2008-nji ýylda Türkmenistanyň Halk artisti.

2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi.

2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly.

2014-nji ýylda «Magtymguly Pyragy» medaly.

2015-nji ýylda Baky Bitaraplygymyzyň 20 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly.

2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly.

2020-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medaly.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Ähli Söhbetdeşliklerimiz:

Täşli Tülegenow: “Ömrüm aýdyma berlen”

 

Leýli Ökdirowa :Ýyldyza öwrülen zehin

 

Azat Dönmezow: Ýyldyzyň ýürek owazy

Han Pälwanow: Aýdymym göwün şadym

 

Merdan Handurdyýew: Teatr jadyly dünýä

 

Ogulgerek Durdyýewa: Tutanýerliklikde Ýeten Maksadym…

 

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

 

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

 

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym