JEMGYÝET

Ak şäher Aşgabat ak gara bürendi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda garyň ýagmaga dowam edýär. Düýn gije başlan garyň ýagyp başlamagy bilen gysga wagtda ak şäherimiz Aşgabat ak gara bürendi. Şu habary giren sagadymyzda hem gar ýagmaga dowam edýär.

“meteo.gov.tm” saýtyndaky maglumata görä, häzirki wagtda Aşgabat şäherinde howa temperaturasy 0 gradusa deňdir. Paýtagtymyzda şu günler howanyň sowuk bolmagyna garaşylýar.

Ýagyp duran ak gar türkmen paýtagtyny ak dona büredi. Tebigatyň döreden peýzažlary Aşgabadyň her bir ýaşaýjysyny öz rahatlylygy bilen täsir galdyrýar. Garyň ýagmagy daş-töwerekde, esasan hem çagalarda baýramçylyk duýgusyny oýandyrýar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna: Hytaý we Rumyniýa üçin resminamalar kabul edilýär

Aşgabat 2026-njy ýylda Russiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny kabul eder