SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Air India” ýolagçylaryna Wi-Fi hödürleýän ilkinji hindi awiakompaniýasy boldy

Hindistanda öňdebaryjy global “Air India” awiakompaniýasy “Airbus A350”, “Boeing 787-9” hem-de “Airbus A321neo” uçarlarynyň käbirinde içerki we halkara uçuşlarda kabelsiz Wi-Fi hyzmatlaryny hödürläp başlandygyny mälim etdi.

Bu dynç alyş ýa-da iş maksatly awiakompaniýanyň uçar gatnawlaryndan peýdalanýan ýolagçylara uçuş wagtynda internete girip, sosial ulgamlara girmekden hem-de SMS ibermek hyzmatyndan peýdalanmak mümkinçiligine eýe bolar.

“Baglanyşyk häzirki zaman syýahatynyň aýrylmaz bölegidir. Käbirleri üçin hakyky  wagt alyş-çalşygynyň amatlylygy, beýlekiler üçin has ýokary öndürijilik. Maksat haýsy bolsa-da, ýolagçylarymyzyň aragatnaşygyň gadryny biljekdigine we bortda täze “Air India” tejribesinden lezzet aljakdygyna ynanýarys “-diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

Uçardaky Wi-Fi hyzmatyndan “iOS” ýa-da “Android” ulgamlary bilen işleýän noutbuklar, planşetler we smartfonlar üçin elýeterli bolar. Mundan başga-da, Wi-Fi-a birnäçe enjam birikdirilip bilner.

“Air India” bu hyzmaty kem-kemden flotundaky beýleki uçarlarda hödürlär.

Related posts

Ysraýyl sanjym bolmadyk syýahatçylary hem kabul edýär

Ata Watan Eserleri

Sanjym edilenleriň sany keselleriň sanyndan geçdi

Ata Watan Eserleri

Maýmyn mama keseliniň ady üýtgedildi