SPORT

AFK-nyň kubogy — 2020 ýatyrylyp bilner

Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony «Altyn asyr» futbol toparynyň 2020-nji ýyly ýekeje resmi halkara ýaryşy hem geçirmän jemlemegi mümkin. Çünki Aziýanyň Futbol konfederasiýasy AFK-nyň kubogy — 2020 halkara ýaryşyna gatnaşýan milli federasiýalardyr assosiasiýalara bu yklym ýaryşynyň ýatyrylmak ähtimallygy barada resmi hat ugratdy.

Bu ýagdaý Ýer ýüzünde giňden ýaýran COVID-19 keseli bilen baglydyr. Mart aýynda başlanylmaly toparçalaýyn ýaryşlar birnäçe gezek yza süýşürildi. Ýakynda AFK toparçalaýyn duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde (şol toparçalara wekilçilik edýän döwletleriň haýsy hem bolsa birinde) geçirmek kararyna gelipdi. Ýöne merkezleşdirilen oýunlary hem kabul etjek döwletleri kesgitlemekde kynçylyk döreýär.

Resmi hatda yklymyň ikinji derejeli ýaryşynyň taryhda ilkinji gezek ýatyrylmagynyň öňüni almak üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtan AFK ahyrky karary Ýerine ýetiriji komitetiň mejlisine goýdy. Eger karar bilen bu yklym ýaryşy ýatyrylsa, ol indiki ýyla süýşürilmez. Indiki ýyl täze ýaryşa badalga berler.

Ýene-de okaň

Eýranyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna Antalyada taýýarlanýar

Ata Watan Eserleri

“Arsenal” topary 22 ýyldan soňra Angliýanyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo özüniň 6-njy dünýä çempionatyna gatnaşar

Robert Lewandowskiniň «Kamp Nou» stadionynda «Barselona» bilen hoşlaşygy

Habi Alonso «Çelsi» toparynyň baş tälimçisi boldy

“Zenit” topary 11-nji gezek Russiýanyň çempiony boldy