SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ABŞ syýahata geljekler üçin täze şertler girizdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlary daşary ýurtdan geljek syýahatçylar üçin täze şertleri girizdi.

ABŞ-daky Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň beýanatyna görä, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan tassyklanan 6 sanjymy alan daşary ýurtly syýahatçylaryň ýurda kabul edilmegine mümkinçilik döretdi.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy şu wagta çenli “Biontech”, “Moderna”, “Johnson we Johnson”, “AstraZeneca”, “Sinopharm” we “Sinovac” sanjymlaryna “gyssagly ulanmak ygtyýarnamasy” berdi. Bu sanjymlaryň islendik biri alan syýahatçylara Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna girmegine şert döredilýär.

ABŞ ozal diňe ýurduň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezi tarapyndan tassyklanan sanjymlary alan adamlary kabul edilýärdi.

 

Armydyň adam saglygyna edýän täsiri

 

 

Related posts

Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy paromy: onlaýn bilet almak mümkinçiligi

Rus lukmany Türkmenistanda ýerli hünärmenler bilen tejribe alyşýar

Täze koronawirus sanjymy barada hoş habar

Ata Watan Eserleri