PEÝDALY MASLAHAT

ABŞ-daky sportdaky zenanlar maksatnamasy üçin arzalar kabul edilýär

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan ýerleşdirilen habara görä, “2025-nji ýylyň Sport boýunça Ählumumy Liderlik Maksatly Mentorluk Programmasy – Sportdaky Zenanlar” maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüzlenmeler açyldy.

Bu bäş hepdelik çalşyk maksatnamasy ABŞ-da geçiriler we sport ugurlarynda işleýän, ýolbaşçylyk ukyby bolan ýaş zenanlaryň öz hünärini ösdürmeklerine mümkinçilik döreder. Olar Amerikaly hünärmenleriň ýolbaşçylygynda tejribe alarlar.


 Talaplar:

  • 25–45 ýaş aralygyndaky sport ugurlarynda işleýän zenanlar
  • Iňlis dilinde arassa aragatnaşyk saklap bilmek
  • Çalt depginde we fiziki taýdan talaply programma gatnaşmaga taýýar bolmak

Maksatnama 2025-nji ýylyň 27-nji sentýabryndan 6-njy noýabry aralygynda ABŞ-da geçiriler.

Ýüzlenme üçin email: AshgabatEducation@state.gov
Arza tabşyrmak üçin soňky möhlet: 11-nji iýun, 2025

Related posts

«Petronas»: ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar

Ipoteka we beýleki girew şertnamalary: Gerekli resminamalar

El we aýak idegleri

Ata Watan Eserleri