TESWIRLER

Elektron söwdanyň hukuk esaslary

Bilşimiz ýaly ýakynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan birnäçe kanunçylyk namasy kabul edilipdi we olaryň arasynda “Elektron resminama, elektron resminama dolanşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň kanuny  (mundan beýläk – Kanun)hem bardy. Bugün (26 Mart 2020)  Türkmenistan gazetinde ady agzalan kanun resmi taýdan neşir edildi we  Kanunyň 58-nji maddasyna görä şu kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girdi.

Kanun elektron resminamalaryň, elektron resminamalaryň dolanşygynyň  we sanly hyzmatlaryň  hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary  kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.

Kanunyň 53-nji maddasynda elektron söwda düzgünleşdirilýär we bugün biz bu makalamyzda “Elektron resminama, elektron resminama dolanşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda elektron söwda barada gysgaça durup geçmek isleýäris. Bellemeli zat, häzirki wagtda dünýäde milliardlarça dollarlyk elektron söwda amala aşyrylýar we elektron söwda mowzugy giňişleýin seljermäge degişli ulgamlaryň esasylarynyň biri diýip bileris.

Kanuna görä, elektron söwda diýlip, elektron maglumat ulgamlaryndan, telekommunikasiýa aragatnaşyk torlaryndan  we elektron amallaryndan  peýdalanmak bilen, geleşikler edilende elektron resminamalaryň alşylmagy arkaly amala aşyrylýan uzaklykdan satmak arkaly edilýän söwdanyp görnüşine düşünilýär.

Elektron söwda diýlende ilki bada satyn almak-satmak gelýän hem bolsa, aslynda ol öz içine  üpjün etmek, daşamak, karz, bank hyzmaty, saklamak, ätiýaçlandyryş, tabşyryk, eýeçiligiň ynanç haty esasynda dolandyrylmagy , bäsleşik, Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan beýleki geleşikler, şeýle hem  telekeçilik işiniň çygrynda  gaýry hukuklaryň we borçlaryň edinilmegi we amala aşyrylmagy  hem degişlidir.

Eýsem elektron söwda kimler gatnaşýar? Kanuna görä, elektron söwda satyjy, satyn alyjy we  maglumat dellaly gatnaşýarlar diýip bellenen. Geliň ilki bilen kanuna görä, bular barada durup geçeýliň!

Satyjy – elektron resminamalary peýdalanmak bilen, telekeçilik çygrynda harytlaryň satuwyny, işleriň tölegli ýerine ýetirilmegini we hyzmatlaryň edilmegini, beýleki işleri amala aşyrýan  ýuridik şahs ýa-da hususy telekeçi hökmünde bellige alnan fizik şahs düşünilýär. Diýmek, elektron söwda ulgamynda satyjy bolup gatnaşmak üçin hökmany ýagdaýda edara görnüşli tarapy (mysal üçin hususy kärhana, hojalyk jemgiýeti) esaslandyrmak gerek bolman, kanuna laýyklykda hususy telekeçi hökmünde bellige alnan fiziki şahs (halk arasynda aýdylyşy ýaly Telekeçi) bolupda elektron söwdada satyjy bolup çykyş edip bolýar.

Satyn  alyjy – elektron söwdany amala aşyrýan şahs bilen baglaşylan şertnama esasynda emlägi almaga, işlere we hyzmatlara hukugy bar bolan, şeýle hem  gaýry hukuklary bar bolan ýuridik şahs ýa-da hususy telekeçi hökmünde bellige alnan fiziki şahs elekton söwdanyň satyn alyjysy bolup çykyş edýär. Emma, elektron söwdanyň satyn alyjysy diňe bir ýuridik şahs telekeçi we fiziki şahs telekeçi bolman, eýsem,  harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) edinilmeginiň telekeçilik işi bilen  bagly bolmadyk maksady bilen Internet ulgamyndan peýdalanýan fiziki şahs hem düşünilýär.  Bellemeli zat, Uzaklykdan satmak arkaly edilýän söwdanyň  görnüşi hökmünde Internet torunda  söwdanyň amala aşyrylmagynyň düzgünleri Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

Maglumat dellaly– elektron resminamalary başga bir şahsyň adyndan iberýän, alýan ýa-da saklaýan, ýa-da bu maglumatlar babatynda beýleki hyzmatlary edýän şahsa diýilýär.

Dowamy bar…

 

Ýene-de okaň

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady