JEMGYÝET

Daniýada özbaşdak hereket edýän awtobus

Daniýanyň metbugat sahypalarynda berilýän habara görä, Daniýanyň Olborg  şäherinde özbaşdak hereket edýän elektrik togy bilen işleýän awtobuslar ulanylyp başlandy. Özbaşdak hereket edýän elektrik awtobuslaryny ulanmak boýunça synag taslamasy amala aşyrylýar.

Synag taslamasy üçin Fransiýanyň “NAVYA” kompaniýasynyň “SHUTTLES AUTONOM” awtobuslary satyn alyndy. Daniýada täze özbaşdak hereket edýän awtobuslar welosiped sürüjiler bilen şol bir ýoly ulanýarlar. Ýöne olaryň hereket howpsuzlygy üpjün edilendir. Şu wagta çenli täze awtoulaglar üçin 10 duralgasy bolan 2,1 km uzynlykdaky ýol ulanylýar.

Meýilnamalara görä, ulaglar iki ýyl dowam etjek synag taslamasynyň çäginde her gün bu ugur boýunça hereket ederler.

Taslamanyň ahyrynda bilermenler geljekde öz-özüni dolandyrýan awtobuslary ulanmak tejribesini dünýäniň beýleki ýurtlary bilen paýlaşmak üçin ulanmagy meýilleşdirýär.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar