SPORT

Žurnalistleriň arasyndaky II Şaşka ýaryşy Aprelde

Geçen ýylyň Aprel aýynyň 30-nda geçirilen žurnalistleriň arasyndaky şaşka ýaryşyna uly gyzyklanma bolupdy. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň “Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty  Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen Küşt-şaşka mektebiniň hem-de “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly tarapyndan  sportuň köpçülikleýinligini artdyrmak maksady bilen bilelikde gurnalýan  žurnalistleriň arasynda her ýylda geçiirilýän şaşka ýaryşy bu ýyl II gezek gurnalar.

Bäsleşigiň esasy maksady Hormatly Prezidentimiziň sporty we bedenterbiýäni ösdürmek babatda öňümizde goýan wezipelerini wagyz etmekden, sportyň görnüşlerini, şol sanda aň-paýhas oýunlarynyň giňden ýaýran görnüşleriniň  biri hasaplanýan şaşka oýnuny ösdürmekden, onuň muşdaklarynyň sanyny artdyrmakdan  we sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmak baradaky il bähbitli, ýurt ähmiýetli sargytlaryny durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşmakdan ybaratdyr.

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty  Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen Küşt-şaşka mektebinde geçiriljek bäsleşik “Makul Hyzmat” Terjime merkeziniň hemaýat bermeginde geçiriler. Bäsleşigiň anyk senesi we beýleki şertleri barada goşmaça maglumatlar ýakynda halk köpçüligine ýetiriler.

Ýene-de okaň

CAFA-2025: Özbegistan sebitleýin ýaryşyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

Sport habarlary: Italiýaly zenanlar dünýä çempiony, Infantino Daşkentde

AFC-2 Çempionlar ligasy:  “Ahal” topary duşuşyklaryny «Arkadag» stadionynda geçirer

“Fenerbahçe” topary Ederson we Asensiony satyn aldy

Isak Angliýanyň taryhynda iň gymmat futbolçy boldy

Alehandro Garnaço “Çelsi” toparynda çykyş eder