JEMGYÝET

“Radio Garden” bilen türkmen radioýaýlymlaryny diňlemek mümkinçiligi

“Radio Garden” programmasynyň üsti bilen Ýer ýüzüniň haýsy nokadynda bolsaňyz hem, Türkmenistanyň radioýaýlymlaryny diňlemek mümkinçiligi döredi. Dünýäniň ähli ýurtlarynyň radioýaýlymlaryny özünde jemleýän “Radio Garden” programmasynyň işläp başlamagy netijesinde, Türkmenistanyň hem hereket edýän radioýaýlymlaryny diňlemek mümkin. “Çar Tarapdan” radioýaýlymyny FM 103,9, “Miras”  FM 103,9, “Owaz” FM 101,3 we “Watan” FM 102,7 radioýaýlymlaryny diňlemek üçin ykjam telefonlaryňyza “Radio Garden” programmasyny gurnamak ýeterlik bolar. Türkmenistanda gündelik bolup geçýän habarlary türkmen, türk, rus we iňlis dillerinde “www.atavatan-turkmenistan.com” saýty arkaly dünýäniň islendik künjeginden okap, habarly bolmak mümkinçiligi ýaly, Türkmenistanyň teleýaýlymlaryny hem göni ýaýlymda “www.turkmentv.gov.tm” saýtyndan tomaşa edip bilersiňiz. Edil şunuň ýaly, Türkmenistanda neşir edilen gazet–žurnallaryň “pdf” görnüşlerini “www.metbugat.gov.tm” saýtyndan okap bilersiňiz.

Related posts

Türkmenistanyň Türkiýedäki Medeniýet günleri: birinji gün

vepa

Hollanda Türkmenistan’a Büyükelçi Atadı

vepa

Türkmen-eýran tebigy gaz hyzmatdaşlygy täze döwre gadam basdy