GENEL

“Radio Garden” bilen türkmen radioýaýlymlaryny diňlemek mümkinçiligi

Radio Garden” programmasynyň üsti bilen Ýer ýüzüniň haýsy nokadynda bolsaňyz hem, Türkmenistanyň radioýaýlymlaryny diňlemek mümkinçiligi döredi. Dünýäniň ähli ýurtlarynyň radioýaýlymlaryny özünde jemleýän “Radio Garden” programmasynyň işläp başlamagy netijesinde, Türkmenistanyň hem hereket edýän radioýaýlymlaryny diňlemek mümkin. “Çar Tarapdan” radioýaýlymyny FM 103,9, “Miras”  FM 103,9, “Owaz” FM 101,3 we “Watan” FM 102,7 radioýaýlymlaryny diňlemek üçin ykjam telefonlaryňyza “Radio Garden” programmasyny gurnamak ýeterlik bolar. Türkmenistanda gündelik bolup geçýän habarlary türkmen, türk, rus we iňlis dillerinde “www.atavatan-turkmenistan.com” saýty arkaly dünýäniň islendik künjeginden okap, habarly bolmak mümkinçiligi ýaly, Türkmenistanyň teleýaýlymlaryny hem göni ýaýlymda “www.turkmentv.gov.tm” saýtyndan tomaşa edip bilersiňiz. Edil şunuň ýaly, Türkmenistanda neşir edilen gazet–Žurnallaryň “pdf” görnüşlerini “www.metbugat.gov.tm” saýtyndan okap bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Rusya’nın Aeroflot’u ile Belarus’un Belavia’sı, Minsk üzerinden Türkmenistan’a tek bilet uygulamasını başlattı

Türkmen halkının Millî Lideri İran’ın eski lideri Ali Hamaney için düzenlenen törene katıldı

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Donald Trump’ı Bağımsızlık günü ile tebrik etti

Grace Wang Türkmenistan’daki BM Mukim Koordinatörü olarak atandı

Azerbaycan ile Türkmenistan: değişen bölgesel gündemde stratejik ortaklık

Türkmenistan ile Türkiye ilişkilerine eğitim katkısı

Ata Watan Eserleri