JEMGYÝET

«Windows 7» 14-nji ýanwardan soň täzelenmez

«Microsoft» kompaniýasy «Windows 7» operasion gurluşyny täzlemegi bes edýär. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Aslynda, «Windows 7-niň» çykanyna 10 ýyl boldy. Ony täzelemek işleri 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda doly bes ediler», diýip, kompaniýanyň resmi habarynda aýdylýar.

Bu gurluşyň täzelenmeginiň bes edilmegi oňa wirus howpunyň has köp abanyp biljekdigini görkezýär. Şonuň üçin hem kompaniýa köpçülikleýin «Windows 10-a» geçmegi maslahat berýär. Munuň başga bir ýoly hem bar. Ol ― kompýuteri täzelemek. Dogry, «Windows 10» köne kompýuterlerde hem işleýär, ýöne biz muny maslahat bermeýäris» diýip, kompaniýa aýdýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurulýar

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Azerbaýjanda geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň muzeýinde Milli Liderimiziň manyly ömrüne degişli gymmatlyklary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri