DÜNÝÄ

Gizlin sözler üýtgemedi

12345 ýa-da 123456 gizlin sözleriniň ygtybarly däldigi, dünýä boýunça bu gizlin sözlerden millionlarça adamyň peýdalanýandygy aýdylsa-da, «NordPass» gizlin sözler boýunça menejer saýtynyň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylda ýene-de şu gizlin sözler beýlekilere görä has köp ulanyldy. Saýtyň bilermenleri ygtybarly bolmadyk 200 gizlin sözüň sanawyny yglan etdiler. Olaryň başyny bolsa 12345 bilen 123456 çekýär.

Bu sanaw her ýyl täzelenýär, ýöne «liderler» aňsat üýtgänok. Bilermenler munuň gizlin sözleriň ýatdan çykarylmagyndan heder edilip goýulýandygy bilen düşündirýärler. Ýöne biz başga bir zady ýatdan çykarýarys, biz üçin ýat tutmasy aňsat bolan gizlin sözleri çaklamak başgalara-da kyn däl. Soň siziň gizlin sözüňizden peýdalnyp, kim bilýär, näme ediljek?!

2019-njy ýylyň maglumatlary boýunça häzir 12345 gizlin sözünden 2 million 812 müň 220 adam peýdalanýar. 2 million 485 müň 216 adamyň gizlin sözi bolsa 123456. Üçünji orunda hem şuňa meňzeş «gizlin» söz bar. Bu gezek sanlaryň hatary diňe 9-a çenli üýtgeýär. Has takygy, 123456789 Ýer ýüzünde 1 million 52 müň 268 adamyň «ynamdar» gizlin sözi.

Şeýle hem «Password» sözünden 830 846 adam peýdalanýar. Bulardan başga-da, qwerty 348 765,  iloveyou 171 657, princess 122 658, monkey 86 404 adamyň gizlin sözi. Eger siziň ulanýan gizlin sözüňiz hem şularyň biri bolsa, bu asla geň däl.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana geler

Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

Iňlis dili okuw sapaklaryna gatnaşan Mejlisiň wekillerine şahadatnamalary gowşuryldy

Türkmenbaşy we Baku Halkara deňiz portlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

TOPH taslamasy Hyratda: turbageçiriji üçin 91 kilometr taýýar edildi

Fransiýa çagalar üçin jemgyýetçilik torlaryny gadagan etjek ikinji ýurt bolar