DÜNÝÄ

Dubaýda dünýäniň iň belent myhmanhanasy gurulýar

Dubaý şäheriniň ozalky täsinlikleri, rekordlary azmy näme? Biziň üçin-ä, asla az däl. Ýöne şäheriň şeýhleri bu täsinlikler bilen kanagatlanarly däl. 2022-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2023-nji ýylyň başynda hut şu şäherde dünýäniň iň belent myhmanhanasy açylar.

Dubaý Marinada guruljak myhmanhananyň eýýäm ady hem taýýar. Ol «Ciel» diýlip atlandyrylar. 82 gatdan ybarat boljak täze myhmanhana belentligi boýunça ozalky rekordyň eýesi, hut şu şäheriň Şeýh Zaid köçesinde ýerleşýän «Gevora» myhmanhanasyndan 4 metr belent bolar.

Täze myhmanhana iň ýokarky gatda ýerleşdiriljek suw howdanlary, Palma adasynyň gözelliklerini synlamak mümkinçilikleri bilen müşderileri özüne çeker. Lýuks otaglaryň 1209-syndan ybarat boljak myhmanhananyň gurluşygyny «The First Group» kompaniýasy alyp barýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy

Mergen Kepbanow: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady