DÜNÝÄ

Jeýms Bond bu gezek…

Golliwud hem, tomaşaçylar hem Jeýms Bond hakyndaky kinotapgyrlardan ýadamady. Şeýle bolansoň, bu tapgyr täze bölümler bilen yzygiderli dowam etdirilýär. Ynha, ýakynda «Universal Pictures» kinokompaniýasy meşhur agent hakyndaky täze filmiň mahabat roligini Internetde tomaşaçylar bilen paýlaşdy. Täze film «Ölmegiň wagty däl» diýlip atlandyrylar.

Britaniýaly agentiň keşbini ýene-de Deniel Kreýg ýerine ýetirýär. Şeýlelikde, ol bäşinji gezek Jeýms Bonduň keşbinde ekranlara çykar. Mundan öňki bölümlerde bu keşbi Denni Boýl ýerine ýetirýärdi. Ýöne ol reŽissýor Keri Fakunaga bilen düşünişmezlik sebäpli geçen ýylyň awgust aýynda keşbi ýerine ýetirmekden ýüz öwürdi.
Täze filmde biz Bondy wagtlaýynda ähli işlerden çekilip, Ýamaýkada dynç alýan görnüşinde göreris. Bu ýerde oňa özi ýaly hukuk goraýjy bolan köne dostlarynyň biri gabat gelýär. Iki kärdeşiň birleşen ýerinde iş tapylmajakmy? Jeýms Bond bir ogurlyk bilen bagly jenaýaty derňemäge goşulýar.

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk