JEMGYÝET

Sanlardanmykak.

Gara yhlasymyz ýuwdup gara ýer,

Gury geçip barýan sanlardanmykak,

Ýa-ha çyn akyldar ýaha-da meger,

Hiç zadyň alnyndan dällerdenmikäk.

 

Sapak etmän pederleriň namasyn,

Goramaýan ynsabynyň namysyn,

Hiç aňmaýan ykbalynyň manysyn,

Bir tezegmiz aýry mallardanmykak.

 

Gögeleje diýäýseler jibrinýän,

Ýeňlesligiň ýelginini ýigrenýän,

Ýaş bolsagam garrylary öwrenýän,

Ýüzi gasyn, başy çallardanmykak.

 

Başa gelen takdyryna ten beren,

Ezýeti lezzetden artygrak gören,

Öňdäki birligin arzuwlap ýören,

Otyrlardan soňky nollardanmykak.

 

Çar tarapa kowup pikir sürsini,

Ugursuz zatlara berip ünsüni,

Haşal otlar basyp giden üstüni,

Asla ýörelmeýän ýollardanmykak.

 

Şahyr ömür oturmagyn sem ýaly,

Haýyr hem şer görünsede deň ýaly,

Ýa gadyry giç bilinýän hum ýaly,

Ýagşy niýet ýagşy pällerdenmikäk.

Abdyrahman ORAZMÄMMEDOW

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi