JEMGYÝET

Kitaby ýatyp okamagyň zyýanlary!

Kitaby söýýän adamlar bilen söhbetdeş bolsaň, boş wagtyňy geçirmek üçin gyzykly kitapdan oňat güýmenjäniň ýokdygyny aýdyň belleýärler. Muny bellibir derejede inkär etmeklik kyn. Üstesine-de, lukmanlaryň belleýşi ýaly, beýleki habar beriş çeşmelerine garanyňda hut basmaça ýazylan maglumatlar beýnä has peýdaly hem siňňitli hasaplanýar. Ýöne kitap okamagyň käbir oňaýsyz taraplary hem bardyr. Meselem, uzak wagtlap kitap okasaň, bu seniň göziňe güýçli derejede agram salýandyr. Bu bolsa gözüň görüjiligini peselidýär. Käwagtlar işden ýa-da okuwdan gelip, agşamlaryna ýassygy ýanap, ýatyp kitap okamak biziň pikir edişimizden hem beter zyýanly bolup durýar. Şeýle endik etmegiň saglyga hem-de göze diýseň zyýanlydygyny bilmegimiz, bu zatlardan öňünden goranmagymyza ýardam edýär. Ilki bilen ýatyp kitap okamak adamyň göz görüjiliginiň göterimini peselidýär. Adamyä öýkeniniň kadaly dem alyşyny hem gysdyryp ejir çekdirýär. Gan aýlanyşygynyň tizligini peseltýär. Mundan başgada ýatyp kitap okalanda taze maglumatlaryň beýine siňişiniň haýallanmagy hem mümkindir. Şeýle hem, käbir alymlaryň geçiren barlag tejribesiniň netijesinde, ýatyp kitap okamak, adamlarda kelle agyryny we boýun agyryny artdyrýar. Şonuň üçin hem, lukmanlar kitap okyjylara oturgyçda dik şekilde oturyp, ýagtylyk gelýän arassa jaýda, ýadow bolmadyk halatda kitap okamany maslahat berýärler.

Güýjowa Näzikjemal

 

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy