Bu gün iň gowy dostumyň toýy. Goşa gumry ýaly bolup oturan ýaşlary görmäge göz gerekdi. Goşar sagadymyň aşagyndaky ýara yzyny sypalap,toý tutup oturan ýaş juwanlar bilen baglanyşykly bolan wakany ýatlaman durup bilmedim.
Kärende ýerimde gowaçalara suw tutmak işlerini tamamlap, Gün batyberende öýe geldim. Uzynly günüň hysyrdysy mazaly ýadadypdy. Ýuwunyp-ardynyp agşamlyk naharyny edindim. Birdenem el telefonyma jaň gelýär. Seretsem, dostum Eziz jaň edýär.
– Salam Döwran , ýagdaýlaryň gowumy?
-Salam Eziz, giç ýagşy! Gowy Hudaýa şükür. Öz ýagdaýlaryň nähili?
─ Meniň hal-ahwalyma saňa bagly dost, tiziräk gelip halas etmeseň-ä, nähili güne düşjegimi göz öňüne getirmäge-de gorkýan.
─ Eýgilikmi bir how?! Näme boldy beýle?
─ Bu gün duşuşyga gaýdypdym. Aýnuryň agalarynyň biri meni görüpdir. Häzirem gözleýärler ýer ýykyp. Basymrak gelip meni alyp gidäýmeseň , gowulyga ýok. Uly bir erik agajyna çykyp, gizlenip otyryn şu wagt hem.
─ Bolýa duran ýeriňden gymyldama hiç ýana, men barýan. -diýip telefony öçürdim. Bararyn diýip söz bermesine-hä söz berdimm, ýöne bir hili özümem Aýnuryň agalaryndan çekinmän duramok. Sebäbi ortany baglap ýören men diýen pälwanlar. Tutaýsalar dagy edil körüň eline bit düşen ýaly ederler.
Aýnuryň üç agasy bar. Olaryň obasy biziň obamyzdan onçakly uzak däl. 3 kilometr çemesi aralygy geçmeli bolýar. Täze motosikl alanyma 3 aý bolupdy. Ýagyny-ýangyjyny barlap, nähili ýagdaý bolanda-da Hudaýy çagyryp, ýola düşdüm. Eziziň salgy beren ýerini, gizlenip duran erik agajyna ýetiberen wagtym, garaňky we çolaja ýerde ulagymy gizledim-de şol garry erigiň ýanyna bardym. Eziziň adyny tutup, ýuwaş ses bilen gygyranym hem şoldy welin, egnimden agyr eliň kakanyny duýdum. Zähräm ýarylan ýaly bolup yza seretdim. Birdenem gözümden ot çykyp gitdi. Şol wagt hamala otly kakan ýaly boldy. Az salymdan beýleki agalary hem geldiler. Özümi dürsäp, ökjäni götermek pikirimden-ä el üzäýmeli boldy. Üç dogan hezil etdiler, edil futbol pökgisini depýän ýaly. Ahyr depip-urup bizar bolanlaryndan soň meni ýerden galdyryp telefonyň yşygyna ýüzüme seretdiler. Görseler olaryň eline düşeni gözlenilýän däl-de, başga biri. Doganlaryň iň ulusy Arslan pälwan ady bilen tanalýan meni tanady. Onuň sebäbi hem daýym bilen bir edarada işleýärdiler.
Tiz wagtyň içinde şu obadan gitmek şertini goýup, ýalňyşlyk bilen urulanym üçinem bagyşlamagymy sorap meni goýberdiler. Ulagymy goýan ýerime zordan diýen ýaly geldim.Bir görsem Eziz ýylgyryp dur motosikliň ýanynda. Gaharyma ýerde ýatan ýumruk ýaly daş bilen maňlaýyny ýaraýasym geldi, emma şoňada güýç ýokdy. Ulagy Ezize sürdürip öýe geldik. Bolan zatlar üçin ol ötünç sorap, öýlerine gaýtdy.
Ertir ir bilen oýanan badyma endam-janymyň agyrysyndan ýaňa ýerimden galmak gaty kyn boldy.Aýnanyň öňüne gelip seredenimde tas özümden gidipdim. Ýüzümiň çişinden ýaňa çep gözüm açylanok. Bir begenen zadym hemme dişlerim ýerinde. Agyrylar aýrylyp, gowy özüme gelýänçäm bir hepde töweregi wagt gerek boldy.
Şol wakadan iki aý geçip-geçmänkä Eziz maňa toý çakylygyny gowşurdy…
Ýagmyrow Döwletgeldi