JEMGYÝET

Sagdyn Düşünje

Wagtlar käte şeýlebir çalt, käte bolsa, pyşbaganyň tizligindenem haýal geçýär. Häzir arkaňa dönüp bakanyňda, ençeme sökülmiş menziller, ajy doly, süýji doly günler ýatyr. Bu ýatan ýyllaryň, geçirlen tejribeleriň netijesinde käbir zatlara göz ýetirdim. Adamyň öňünde elmydama bir iş etmesinden saklan, gorky diýip bir zat durýar. Adam ömrüniň köp bölegini, gorkyny ýeňip geçmek üçin sarp edýär. Bir işler etmek isleýär, başaryp bilmerin diýen gorky bilen etmeýär. Bir zatlar aýtmak isleýär, ýalňyş düşünerler diýen gorky bilen aýtmaýar, göreşmek isleýär, ýykylaryn diýen gorky bilen göreşmeýär. Ýaşamak isleýär, emma ýaşatmazlar diýen gorky bilen öli  ýaşaýar. Iň gorkunjy bu: Ýaşaýandyrn öýdüp ýaşamazlyk.

Eflatunyň bir sözi bar:

Ölmejek ýaly ýaşarlar,

Ýaşamadyk ýaly ölerler.

Bu zatlaryň düýp sebäbi, çagany kiçilikden ýetişdirilende, ýalňyş tertipde ýetişdirmekdir. Maşgalalaryň köpüsinde, çaga ýalňyş bir iş eden ýagdaýynda, çaga ol işiň ýalňyşdygyny düşündirmek, öwretmek ýerine gönüden-göni jeza ulanýarlar. Bu dürli maşgalalarda ýetişen çagalar ýygra, we jemgyýetden daşda ýaşaýarlar. Biz iň gowy iş adamlaryny, mugallym, inŽiner, doktor yetişdirmek üçin, ilki bilen ene-atalara dogry bolan çaga terbiýeleme tertiplerini öwretmeli. Ýetişýän nesilleriň diňe bir sagdyn bedenli bolmalary ýeterli däl, sagdyn düşünjeli bolmalary hem hökman.

Başkada bir bellemeli zat:

Başkalardan üytgeşik bolmak üçin gynamaň özüňizi, sebäbi hemme buny etýär, we hemmesi onuň üçin bir birlerine menzeş,

SEN DİÑE ÖZÜÑ BOL…

Kakajan Alyýew

 

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş gazandy

Türkmenistanda Lu Ban ussahanasy açyldy

Hytaý kompaniýasy Amyderýanyň sag kenarynda 190 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmenistan Hytaýa 462 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Ata Watan Eserleri