JEMGYÝET

Nazarbaýewe ýene bir hormat

Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewe ýakynda Türk geňeşiniň ömürlik prezidenti diýlen belent dereje berildi. Bu barada onuň Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüd Çawuşoglu bilen geçiren duşuşygyndan soňra habar berildi.

24-nji maýda M.Çawuşoglu bilen duşuşan Gazagystanyň ozalky Prezidenti iki döwletiň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňletmegiň ähmiýetine hem ünsi çekdi. Taraplar halkara meseleleriniň hem ençemesini bilelikde çözmäge gatnaşmak barada pikir alyşdylar. Duşuşygyň barşynda Türkiýäniň daşary işler ministri türki döwletleri galkyndyrmakda alyp baran işleri üçin Nursultan Nazarbaýewe «Türki dilli döwletleriň geňeşiniň ömürlik prezidenti» derejesiniň berilýändigini yglan etdi. Şeýle hem ministr ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň adyndan N.Nazarbaýewi özi üçin amatly bolan iň ýakyn wagtda Türkiýä gelip görmäge çagyrdy.

Bu derejede Gazagystanyň ilkinji Prezidentine wezipesinden çekilenden soňra bildirilen ikinji uly hormatdyr. Ýakynda ol Gazagystanyň senaty tarapyndan kabul edilen «Gazagystan Respublikasynyň Howpsuzlyk geňeşi baradaky» Kanunyna görä, Howpsuzlyk geňeşinň ömürlik ýolbaşçysy wezipesine hem saýlanypdy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri