JEMGYÝET

1 ýewrodan öý satylýar

Italiýan Sisiliýa adasynda ýerleşýän Mussomeli şäherçesiniň meri Juzeppe Kataniýa taryhy merkezdäki öýleri daşary ýurt raýatlaryna 1 ýewrodan satmak kararyna geldi. Ýöne häkimiň bir şerti bar: öýleri satyn alan adam ony gowy abatlap, ýaşamaga ýaramly hala getirmeli. Şeýlelikde, şäherçäniň ýolbaşçysy häzir ilaty 11 adama çenli azalan merkeziň ýaşaýjylaryny köpeltmegi we bu ýerde ýaşaýyşy täzeden dikeltmegi maksat edinýär.

Şäheriň dolandyryş edarasynyň resmi saýtynda bildiriş ýerleşdirilenden soňra 3 hepdäniň dowamynda Belgiýa, Gollandiýa, Fransiýa, Awstraliýa ýaly döwletlerden 300-den gowrak ýüztutma gelip gowuşdy. Ýöne, häzirlikçe, şäherde eýesiz galan öýleriň diňe 100-si satlyga çykaryldy. Ýöne ýakyn günlerde satylmaga degişli öýleriň sanynyň 600-e çenli çykjakdygy aýdylýar.

Şäherçäniň meriniň aýtmagyna görä, Mussomeli Sisiliýa adasynyň merkezinde ýerleşýär. Ilatyň köpüsi başga şäherlere göçüp gidipdir. Ýöne şäherçäniň baý taryhy bar. Aýdylyşyna görä, Mussomeli mundan 1500 ýyl ozal döräpdir. Deňiz derejesinden 765 metr belentde ýerleşýän şäherçede gyşda o diýen bir sowuk howa ýok, tomusda bolsa gyzgynlyk 30 ― 32 gradusdan geçmeýär. Şäherçe halkara howa menzilinden 150, iň ýakyn iri şäherden 50 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Lu Ban ussahanasy açyldy

Hytaý kompaniýasy Amyderýanyň sag kenarynda 190 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmenistan Hytaýa 462 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hytaý 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekişdi

Ata Watan Eserleri