JEMGYÝET

Türkmenistan we Wýetnam :Köpugurly hyzmatdaşlyk

2019-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Wýetnamyň Kommunstik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň halkara bölüminiň başlygynyň orunbasary Nguen Tuan Fongyň ýolbaşçylygyndaky Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyklaryny belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda döwletara saparlarynyň guralmagynyň, has takygy ýokary derejeli wekiliýetleri alyşmagyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, şertnama-hukuk binýadynyň ösdürilmeginiň, şeýle hem bilelikdäki ykdysady taslamalary işläp düzmegiň zerurlygy bellenilip geçildi. Şeýle hem taraplar haryt dolanşygynyň göwrümlerini artdyrmagyň mümkinçilikleri hakynda gürrüň etdiler we munuň üçin oňyn şertleriň bardygyny nygtadylar.

Taraplar ýurtlaryň ikisiniň hem dostlugyň taryhy baglarynyň bardygyny aýratyn nygtamak bilen, Türkmenistanyň we Wýetnamyň arasynda medeni-ynsanperwer özarahereketleriniň ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy