JEMGYÝET

Taryhda iň uzyn laýner öndürildi

Amerikanyň “Boeing” kompaniýasy “Boeing 777x” kysymly uçarynyň täze nusgasyny – ýagny, dünýäde iň uzyn laýneri öndürdi. Täze uçaryň uzynlygy ozalky rekordyň eýesi bolan “Boeing 747-8” nusgasyny hem yzda  galdyrýar.

Täze laýneriň uzynlygy 77 metre ýetýär. Ganatlarynyň uzynlygy bolsa onuň boýundan bary-ýogy 5 metr gysga (72 metr). Şu baharda täze laýneriň synag uçuşyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär. “Boeing” bu uçarlar üçin eýýäm birnäçe ýerden sargyt hem aldy.

CNN-iň ýazmagyna görä, bu ägirt uçar Ewerett şäherindäki (Waşington ştaty) uçar zawodynda ýapyk ýerde gurnaldy.

Related posts

Pan Gi Mundan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gutlag haty

Türkmenistanyň Palestinanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Astana sammitinde çykyş etdi