JEMGYÝET

“Awaza” toplumynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçirilýär

Şu gün Hazar deňziniň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirilýär. GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllygy bilen hem gabat gelen bu sammite ilkinji gezek myhman hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem gatnaşýar.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň “Awaza” toplumyna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşine gatnaşýan döwlet baştutanlary yzygiderli gelýärler.

 

Bu sammite Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.

“Ata Watan Media” hökmünde 7-nji oktýabrdan bäri “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde köp sanly çärelere gatnaşýar. Ilki bilen Halkara zenanlar dialogy, saglyk goraýyş we demografiýa ugry boýunça halkara maslahatlar geçirildi.

Şeýle hem Merkezi Aziýanyň hem-de Azerbaýjanyň, GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşyklary geçirildi.

Giň gerime eýe bolan halkara çäreler medeni maksatnamalara hem baý boldy. Hazaryň kenarynda GDA agza döwletleriň milli tagamlarynyň sergisi hem-de GDA-nyň medeniýet we sungat işgärleriniň konserti boldy.

Related posts

Türkmenistan 2 Uluslararası Bowling Turnuvası’na Katılacak

vepa

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan dabara

Dr.Döwran Orazgylyjov

İhaleler: Türkmenistan’dan Afganistan’daki cami için ihale

vepa