JEMGYÝET

Awazada halkara zenanlar dialogy geçirildi

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda köp sanly halkara çäreler geçirilýär. Bu çäreler Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralýar. Şeýle halkara çäreleriň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen «Parahatçylygy üpjün etmekde we durnukly ösüşi gazanmakda zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogynyň açylyş dabarasy we plenar mejlisi geçirildi. Halkara dialogyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa alyp bardy we açylyş çykyşy bilen çykyş etdi.

Bu halkara çärä Ata Watan Media hem gatnaşyp, dialogyň işini ýerinde yzarlaýar.

Plenar mejlisde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Dilnozahon Kattahanowa, Gazagystanyň saglygy goraýyş ministri Akmaral Alnazarowa, Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerd çykyş etdiler.

Şeýle hem Belarusyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Hemişelik komissiýasynyň başlygy Natalýa Pawlýuçenko, Türkiýäniň Maşgala we durmuş hyzmatlary ministriniň orunbasary Sewim Saýym Madak, Gyrgyz Respublikasynyň Zenanlar kongresiniň prezidenti Zamira Akbagyşewa, Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň deputaty Tanzila Rüstemhanly hem-de Täjigistanyň Işewür zenanlarynyň milli assosiasiýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Gulbahor Mahkamowa çykyş etdiler.

Halkara dialogynyň dowamynda parahatçylygy üpjün etmekde, durnukly ösüşi gazanmakda hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda zenanlaryň ornuna aýratyn üns berildi.

Related posts

Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekıldi

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Dostluk” gämisi üçin Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi

Dünýä belli eserler boş köçelere öwüşgin berýär

Ata Watan Eserleri