DÜNÝÄ

Putin bilen Pezeşkian Awazada duşuşarlar

Russiýanyň we Eýranyň prezidentleri Türkmenistanda duşuşyp, Ýakyn Gündogardaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşarlar. 

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistanda geçiriljek duşuşykda Ýakyn Gündogar sebitindäki ýagdaýy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Bu barada Russiýanyň döwlet Baştutanynyň kömekçisi Ýuriý Uşakow žurnalistlere habar berdi.

Prezidentiň kömekçisi döwlet Baştutanlarynyň soňky duşuşygynyň sentýabryň başynda geçirilendigini ýatlatdy.

«Häzir ýene-de duşuşmak barada ylalaşdyk. Elbetde, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler, şeýle hem, elbetde, Ýakyn Gündogar sebitindäki  ýagdaý — ara alnyp maslahatlaşyljak esasy meseleler şular bolar» diýip, Uşakow aýtdy.

Related posts

Türkmenistanyň FAO bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi

Ata Watan Eserleri

Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministriniň Aşgabada sapary

Prezidentleriň sammiti: gazanylan ylalaşyklar we teklipler

Ata Watan Eserleri