DÜNÝÄ

Hadise we Murat Bozuň konsertiniň peteklerini satyn almagyň tertibi

Daşary ýurtly estrada ýyldyzlarynyň 9-njy oktýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçiriljek konsertiniň petekleri onlaýn görnüşde satuwa çykaryldy. Petekleri diňe ashgabat.gov.tm resmi web-saýty we «Sanly şäher» mobil goşundysy arkaly satyn alyp bilersiňiz.

Satyn alyş sahypasyna geçeniňizden soň, ilki bilen petek satyn almak baradaky ylalaşygy kabul etmeli. Ony okaň, iň soňuna çenli aşak geçiriň, «Şu Ylalaşyk şertlerini kabul edýärin» diýen ýeriň garşysynda bellik goýuň we «Dowam etmek» düwmesine basyň.

Ekranyňyzda hasaba alyş sahypasy açylar.

Hasaba alyş iki tapgyrdan ybarat.

Birinji tapgyrda telefon belgiňizi görkeziň.

Aşakda bot barlagy üçin kapçany dolduryň. Kapçada sanlaryň, baş we setir harplaryň bolup biljekdigini göz öňünde tutuň. Siziň girizýän nyşanlaryňyz şol suratda görkezilenlere gabat gelmelidir.

Eger kapça girizilende ýalňyşlyk çyksa, harplaryň registri (uly-kiçiligi) ýalňyş saýlanan bolmagy mümkin. Tegelek strelka belgisine basyp, tä size doly düşnükli we ýönekeý görnüşli harplar çykýança, kapçany täzeläp durup bilersiňiz.

Bot barlagyndan üstünlikli geçeniňizden soň, hasaba alşyň ikinji tapgyryna geçersiňiz.

Bu ýerde 0748 gysga belgisine awtomatiki usulda döredilen kody SMS usulynda ibermeli.

Telefonyňyzda SMS ibermek üçin programmany açyň we täze hat döretmek düwmesine basyň. «Kime» diýen doldurylmaly meýdança 0748 belgisini ýazyň, hasaba alyş sahypasyndaky dört sanly belgini ýazyp, SMS-i iberiň. Diňe SMS iberilenden soň, hasaba alyş sahypasyndaky «Barlamak» düwmesine basyň.

Eger ýalňyşlyk çyksa ýa-da hiç zat üýtgemese, diýmek siz ýa-da ýalňyş kody iberdiňiz, ýa-da telefon belgisini nädogry girizdiňiz. Ähli doldurylmaly meýdançalary ýene bir gezek barlap, gaýtadan synanyşyň.

Eger hemme hereketler dogry ýerine ýetirilen bolsa, öňüňizde täze sahypa açylar, telefonyňyza bolsa kodly SMS geler. Kody täze doldurylmaly meýdança giriziň we «Dowam etmek» düwmesine basyň.

Ekranyňyzda stadionyň interaktiw kartasy bolan sahypa açylar.

Gerekli petek sanyny saýlaň. Döreden bir hasabyňyzdan (akkauntyňyzdan) bäş petege çenli satyn alyp bilersiňiz. Eger birinji gezek bäş däl-de, mysal üçin, 2 petek alsaňyz, indiki gezek öz hasabyňyzdan gireniňizde diňe 3 petek satyn alyp bilersiňiz.

Üns beriň, stadionda oturjak ýeriňizi däl-de, sektory saýlaýarsyňyz. Stadiondaky ýeri akylly algoritmler awtomatiki usulda belleýär. Şol sebäpli interaktiw kartada näçe boş ýer bardygyny görüp, satyn aljak bolýan petekleriňiziň sanyna görä sektory saýlamaly.

Sektory we petek sanyny saýlanyňyzdan soň, «Dowam etmek» düwmesine basyň.

Indi petegiň eýeleri barada maglumat doldurylýan sahypa açylar. Bu ýerde 10 minudyň dowamynda maglumatlary girizmeli.

Her petegi resmileşdirmek üçin şol adamyň adyny, familiýasyny we atasynyň adyny, şeýle hem resminama belgisini görkezmeli. Ulular üçin bu pasport belgisi, 16 ýaşa ýetmedik çagalar üçin dogluş hakynda şahadatnamanyň belgisi. Pasport belgisi girizilende, menýudan resminamanyň dogry seriýasyny hem saýlamaly.

Şeýle hem, her petek üçin adyna petek resmileşdirilýän adamyň suratyny berkitmeli. Suraty anketany doldurýan wagtyňyz düşürip bilersiňiz ýa-da öňünden taýýar suraty ýükläp bilersiňiz.

Petek resmileşdirjek adamlaryňyzyň resminama belgilerini we suratlaryny öňünden taýýarlamagy maslahat berýäris. Bular täze düşürilen suratlar ýa-da öň düşürilen maşgala suratlaryndan ýüzleriň ýakynlaşdyrylan skrinşotlary hem bolup biler. Esasy talap — ýüzler aýdyň görünmeli we suratyň göwrümi 5 megabaýtdan uly bolmaly däl. Ýadyňyzda saklaň, konsert güni stadiona girilende barlagçylar siziň şahsyýetiňizi petek resmileşdirilende berkidilen surat arkaly deňeşdirer.

Indi sahypanyň aşagynda ýerleşýän sanawdan bankyňyzy saýlaň. Eger sizde «Rysgal» bankyň karty ýa-da Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň karty bar bolsa, olara degişli bölümi saýlaň. Eger başga islendik bankyň karty bolsa, «Altyn Asyr karty» bölümini saýlaň.

Sahypanyň ahyrynda ýönekeý matematiki meseläniň jogabyny doldurylmaly meýdança ýazmaly we «Dowam etmek» düwmesine basmaly.

Eger «Dowam etmek» düwmesi işjeňleşmese, anketanyň bölümleriniň birini sypdyran bolmagyňyz mümkin. Başyna dolanyň we doldurylmaly ýerleriň ählisine gaýtadan serediň.

Maglumatlar dogry girizilenden soň, bankyňyzyň töleg sahypasyna geçersiňiz. Bankyňyza we brauzeriňize baglylykda interfeýsiň üýtgeşik bolup biljekdigini ýatda saklaň. Bu ýerde kartyňyzyň maglumatlaryny — belgisini, hereket edýän aýyny we ýylyny, kartyň ýüzünde görkezilişi ýaly latyn harplary bilen eýesiniň adyny, şeýle hem kartyňyzyň arka tarapyndaky CVC kody görkezmeli. Maglumatlar girizilenden soň «Tölemek» düwmesine basyň.

Eger «Tölemek» düwmesi basylmaýan bolsa, munuň birnäçe sebäbi bolup biler. Kartyň maglumatlaryny ýalňyş girizen bolmagyňyz mümkin, olary ýene bir gezek barlaň.

Indiki sahypada «Ugratmak» düwmesine basyň — bank kartynyň eýesiniň telefonyna kodly SMS geler. Ony täze çykan doldurylmaly meýdança giriziň.

Gelen SMS kody girizeniňizden soňra «Tassyklamak» düwmesine basyň. Eger ýalňyşlyk barada habar çyksa, kartyňyzda ýeterlik serişde ýok bolmagy ýa-da berlen wagtda ähli maglumatlary girizip ýetişmedik bolmagyňyz mümkin. Beýle ýagdaýda satyn alyş yzygiderliligini başyndan başlamaly bolarsyňyz.

Eger töleg üstünlikli geçen bolsa, öňüňizde şahsy otagyňyz açylar. Onda siziň satyn alan ähli petekleriňiziň sanawy görkeziler. «Ýükläp almak» düwmesine basyp, petekleri dessine enjamyňyza ýükläp bilersiňiz we stadiona gireniňizde ulanyp bilersiňiz. Munuň üçin size internet gerek bolmaz.

Girelgede petegiň QR-kody diňe bir gezek okadylýar, şonuň üçin petegiňiziň suratyny hiç kim bilen paýlaşmaň.

Konsert 9-njy oktýabrda sagat 18:00-da başlanýar. Stadiona konsert başlamazdan öňräk gelmegiň maslahat berilýändigini ýatda saklaň.

Goşmaça maglumatlary almak üçin info@ashgabat.gov.tm salgysyna ýazyp bilersiňiz.

Wideo: https://ashgabat.gov.tm/other/videos

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň milli baýramyny gutlady

Türkmenistan-ABŞ:söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi

Tramp Tokaýew we Mirziýoýewi G20 sammitine çagyrdy