JEMGYÝET

Draupadi Murmu: Hindistan Türkmenistana öz tejribesini we bilimlerini paýlaşmaga taýýar

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmu Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. 

Gutlag hatynda şeýle diýilýär: 

– Ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň Hökümetine we dostlukly halkyna Hindistanyň Hökümetiniň hem-de halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Hindistan bilen Türkmenistany gadymy siwilizasiýa, medeni-ynsanperwer, şeýle hem öňden gelýän dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Soňky ýyllarda saglygy goraýyş, derman senagaty, oba hojalygy, mineral dökünleri öndürmek, bilim ulgamlaryny we beýleki ugurlary öz içine alýan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz yzygiderli ösdürilýär.

Hindistan ösüp barýan ýurt hökmünde hem-de özüniň “giňeldilen goňşuçylyk” syýasatyna laýyklykda, Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ösüş ulgamynda öz tejribesini we bilimlerini paýlaşmaga taýýardyr. Hindistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde, Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda halklarymyzyň bähbidine has-da belent sepgitlere ýetiriljekdigine ynanýaryn.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Related posts

Türkmenistanyň we BAE-niň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Bakanlar Kurulu: Tepe Türkmen’in Cam Fabrikası’nın açılışına hazırlık

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti welosipedli gezelenç etdi