BIZNES

“EKSPO-2027” sergisi üçin Türkmenistanyň milli pawilýony taýýarlanar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuş-ykdysady ugurlarda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine 2027-nji ýylda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO-2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşyk-gurnama işlerini we beýleki degişli işleri ýerine ýetirmäge ygtyýar berildi.

Related posts

“Täç hil” arassaçylyk serişdelerini Özbegistana eksport etmäge başlady

«Ynamly taksi» işläp başlady

Azerbaýjandan gelen telekeçi dokma önümlerini satyn aldy