JEMGYÝET

Arkadag şäheriniň metjidi “Arkadagyň ruhy metjidi” diýlip resmileşdirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatyna din wekili Ý.Hojagulyýew hem çagyryldy. Ol Arkadag şäherinde bina edilýän, 30 müň adama niýetlenen metjidi tutuş halkymyzdan gelip gowşan teklipler nazara alnyp, “Arkadagyň ruhy metjidi” diýip atlandyrmak baradaky çözgüdiň kabul edilendigi we onuň ýurdumyzyň Adalat ministrligi tarapyndan hasaba alnyp, degişli derejede resmileşdirilendigi baradaky hoş habary ýetirdi.

Hajy Arkadagymyz munuň üçin minnetdarlyk bildirip, özüne bildirilen beýik ynam üçin tutuş halkymyza sagbolsun aýtdy we “Allanyň öýi” hasaplanýan nurana metjitde amal boljak haýyr işleriň, ediljek doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi şäheriň täze metjidini “Arkadagyň ruhy metjidi” diýip atlandyrmak baradaky güwänamanyň gowşurylmagy mynasybetli anna güni “Märkaw” medeni-dynç alyş merkezinde toý sadakasyny bermek baradaky teklibi öňe sürdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy teklibi oňlap, toý sadakasynyň anna günde geçirilmeginde çuňňur manynyň bardygyny aýtdy. Onda ediljek hoşniýetli arzuwlar juma namazynyň ýagşy dessurlary bilen utgaşyp, ýurdumyzda haýyr işleriň amal edilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň giň gerimli häsiýete eýedigini görkezer.

Related posts

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy 29-njy iýunda geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Uluslararası Tarafsızlık Günü’nü kutladı

vepa