DÜNÝÄ

Gazagystanda «Geljegiň oýunlary-2026» halkara ýaryşy badalga aldy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Astanada geçirilýän «Geljegiň oýunlary – 2026» halkara köp görnüşli sport ýaryşynyň dabaraly açylyş dabarasyyna gatnaşdy. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

«Baryş Arena» stadionynda geçirilen çäräniň hormatly myhmanlary Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we beýleki resmi adamlar boldy.

Kasym-Žomart Tokaýew öz çykyşynda halkara ýaryşa gatnaşmak üçin Gazagystana gelen doganlyk döwletleriň baştutanlaryna, hormatly myhmanlara we türgenlere minnetdarlyk bildirdi.

Gazak Prezidentiniň bellemegine görä, sport energiýasyny, akyl-paýhasyň güýjünü we sanly döwrüň ägirt uly mümkinçiligini özünde jemleýän «Geljegiň oýunlary» biziň umumy döredijilikli ösüş gün tertibimize örän gowy gabat gelýär.

Mundan başga-da, açylyş dabarasynda Rossiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýaryşa gatnaşyjylara wideoýüzlenmesi görkezildi.

Dabaraly çäräniň dowamgynda «Geljegiň oýunlarynyň» baş direktory Den Merkli hem çykyş etdi.

Soňra tomşaçylara gazak estradasynyň ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda täsirli teatrallaşdyrylan şou we konsert maksatnamasy hödürlendi.

29-njy iýuldan 9-njy awgust aralygynda Astana ilkinji gezek kibersporty, däp bolan sport görnüşlerini we häzirki zaman tehnologiýalaryny birleşdirýän halkara ýaryşyň geçirilýän meýdançasy bolar. Bu ýyl 34 ýurtdan 800-den gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Astanadaky ýaryşlar sekiz ugur boýunça geçiriler – bular fižital-futbol, fižital-basketbol, fižital-söweş sungaty, fižital-şuter, fižital-tanslar, Dota 2, Mobile Legends: Bang Bang we PUBG: Battlegrounds.

Şu gün şeýle hem sport we tehnologiýa ministrleriniň, diplomatik missiýalaryň baştutanlarynyň we beýleki ýokary wezipeli wekilleriň gatnaşmagynda fižital-sporty boýunça sammit geçirildi.

«Geljegiň oýunlary» sport ýaryşynyň ilkinjisi 2024-nji ýylda Kazanda geçirildi. Ikinji ýaryş bolsa 2025-nji ýylda Abu-Dabide geçirildi.

Related posts

Türkmenistan gemi inşaatına başlıyor

vepa

Türkmenistan ve Rusya Devlet Başkanları’ndan karşılıklı ödül

vepa

Horwatiýa ýewro pul birligine geçdi

Ata Watan Eserleri