DÜNÝÄ

Aşgabatda türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

2026-njy 29-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa edarasynyň başlygynyň orunbasary Ramazan Seçilmiş bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ösdürilmegi dowam etdirilýän doganlyk gatnaşyklary bellediler. Ýokary derejelerdäki gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň esasy ugurlary bolup durýandygy nygtaldy.

Taraplar hyzmatdaşlygyň, hususan-da, migrasiýa babatynda şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, degişli resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar bu ugur boýunça işjeň özara gatnaşyklary we tejribe alyşmalary dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň ýolbaşçylaryny Bara baýramy bilen gutlady

2022-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek möhüm halkara çäreler

Türkmenistan bilen Eýran demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygy artdyrmagy ylalaşdylar