JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň agzasy bolup durýandygyny, bu bank bilen söwda-ykdysady, maliýe-bank ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýdyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde energetika, ulag, sanly ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary görkezdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ulag-logistika ulgamyna ünsi çekip, Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň ulagyň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygyny emele getirmekde berk esas bolup durýandygyny belledi hem-de köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça möhüm işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Ýurdumyz energetika ulgamynda hem hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Arassa, daşky gurşawa zyýansyz “ýaşyl” energetika boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara ýa-da täze başlangyçlara Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmagyň möhüm wezipeler bolup durýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň agzalan bank bilen bu ugurda-da hyzmatdaşlygy ilerletmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz myhmanyň ýurdumyza saparynyň dowamynda Türkmenistanyň bank, maliýe, energetika, daşky gurşawy goramak, suw baýlyklaryny netijeli peýdalanmak, ulag-logistika ugurlary boýunça birnäçe gepleşikleriň geçiriljekdigini aýdyp, bu gepleşikleriň ýurdumyz bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga itergi berjekdigine, ony hil taýdan täze derejelere çykarjakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň geljekde hem bu iri halkara maliýe guramasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy nygtaldy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar

«Lime» kompaniýasy köçelerde mugt skuterleri hödürledi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti:Türkmenistan bilen Hytaý hakyky dostlar we ygtybarly hyzmatdaş