Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu hepde uly hyýallara berilmäň we ähli meýilnamalaryňyzyň gysga wagtda amala aşjakdygyna berk ynanmaň. Esasanam işine ýa-da telekeçiligine üns berýän, hünär taýdan ösmegi we girdejisini artdyrmagy maksat edinýän Hamallar üçin döwür birneme çylşyrymly bolar. Kynçylyklar garaşmadyk ýerleriňizde ýüze çykyp biler. Mundan başga-da, güýçli hem-de mekir bäsdeş bilen ýüzbe-ýüz bolmaga taýýar boluň.Hepdäniň başynda söýýän adamyňyzyň dostlaryňyz, kärdeşleriňiz ýa-da garyndaşlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döräp biler. Şeýle duşuşyklar size gyzykly täsir galdyrar we gatnaşyklaryňyzy has-da berkitmäge ýardam eder. Şeýle hem ýakyn geljek üçin bilelikdäki meýilnamalary düzmäge başlarsyňyz.Hepdäniň ikinji ýarymynda maşgaladaky düşünişmezlikler güýçlenip biler. Olar ähtimal, pul ýa-da öňden meýilleşdirilen uly satyn alyşlar bilen baglanyşykly bolar. Uly möçberli çykdajylar barada howlukmaň. Duýgulara däl-de, paýhasly pikirlenip, birnäçe mümkinçiligi deňeşdirip karar kabul etmek has dogry bolar.Pul girdejileriniň bolmagy ähtimal. Şeýle-de bolsa, bu serişdeleri ýeňil-elden sarp etmäň. Puly tygşytly ulanyp, diňe zerur ýa-da işiňizde, okuwyňyzda peýdaly boljak zatlary satyn almak maslahat berilýär.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu hepde esasanam täze işe başlan täze wezipä öwrenişýän ýa-da öň kyn görünýän ugurlary özleşdirýän Sowurlar üçin ýeňil bolmaz.Garaşylmadyk meseleler ýüze çykyp beýleki ähli işleri wagtlaýyn yza süýşürmeli bolarsyňyz. Bu ýagdaý keýpiňize ýaramaz täsir edip biler. Şeýle hem hepdäniň ikinji ýarymynda täjirçilik işlerinde oňyn mümkinçilikler hem ýüze çykar. Girdejili gepleşikleriň baglaşylmagy mümkin. Käbir Sowurlar ýokary girdeji wada berýän täze iş tekliplerini alyp bilerler.Bu hepde indi gerek däl zatlardan dynmak üçin hem amatlydyr. Emma howlukmaň. Islän bahaňyzy ilkinji gezek hödürlemezlikleri mümkin. Şonuň üçin dessine eglişik etmäň.Söýgi gatnaşyklary babatda hepde başy çylşyrymly bolar. Bu esasanam kärdeşi ýa-da işewür hyzmatdaşy bilen söýgi gatnaşyklarynda bolan Sowurlara degişlidir. Iş bilen şahsy durmuşyň çatryşýan ýerinde kynçylyklar ýüze çykmagy ähtimal.Emma hepde soňuna çenli ýagdaý durnuklaşar. Ýakyn adamyňyz bilen jedelleşmek islemersiňiz. Ownuk düşünişmezlikler hem siziň paýhasly çemeleşmegiňiz netijesinde tiz çözüler.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu hepde iri taslamalara başlamak we geljekde ýaran görmek isleýän adamlaryňyz bilen duşuşmak üçin örän amatlydyr. Söwda we telekeçilik işlerinde üstünlik gazanmagyňyz mümkin. Özbaşdak işe täze başlan Jöwzalar dogry ýoly saýlandyklaryna göz ýetirip, ilkinji girdejilerini gazanyp bilerler.
Maliýe taýdan hem hepde şowly geçer. Garaşylmadyk çeşmelerden hem pul gelip biler. Alan serişdeleriňizi biderek zatlara harçlamarsyňyz. Hatda pul meselesinde ýeňil garaýan Jöwzalar hem bu gezek puly tygşytly we bähbitli ugra gönükdirmegi başararlar.Hepdäniň ikinji ýarymynda işde we öýde düşünişmezlikler ýüze çykyp biler. Munuň esasy sebäbi keýpiňiziň ýygy-ýygydan üýtgemegi bolar. Hatda adatça özüni erk edip bilýän Jöwzalar hem duýgularyna erk etmekde kynçylyk çekerler.Şeýle hem şol döwürde dörän täze pikirleriňize aýratyn üns beriň. Olary hemmeler dessine goldamaz.Hepdäniň ahyry täze tanyşlyklara açyk bolan Jöwzalar üçin aýratyn şowly bolar. Täze gatnaşyklar örän çalt ösüp biler. Emma öňki söýgüsini henizem unutmadyk Jöwzalar üçin käbir kyn ýagdaýlar ýüze çykyp biler. Şeýle pursatda özüňiz bilen başa-baş galyp, duýgularyňyza düşünmäge synanyşyň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Hepdäniň ilkinji günleri esasanam döredijilik maşgala ýa-da dostlar bilen wagt geçirmek isleýän Seretanlar üçin birneme çylşyrymly bolup biler. Duşenbe we sişenbe garaşylmadyk aladalary getirip biler.
Emma soňra ýagdaýlar kem-kemden gowulaşar. Esasanam söýgi gatnaşyklarynda oňyn özgerişler duýlar. Hepdäniň soňky günleri täze tanyşlyklara taýýar bolan Seretanlar üçin aýratyn şowly bolar. Göwnüňize ýaraýan adam bilen tanyşmagyňyz hem mümkin.Hepdäniň ikinji ýarymynda çylşyrymly iş meselelerini çözmeli bolarsyňyz. Käwagt işleri wagtynda tamamlamak üçin goşmaça işlemäge-de mejbur bolarsyňyz. Şeýle-de bolsa ähli zähmetiňiz mynasyp derejede sylaglanar.Maliýe taýdan hepde amatlydyr. Diňe pul işlerinde tertipsiz bolan Seretanlar seresap bolmaly. Hasaplary ýa-da karz töleglerini gijikdirmegiňiz maliýe ýitgilerine getirip biler.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Hepdäniň ilkinji günlerinden başlap işe çynlakaý çemeleşiň. Şu döwürde ýeňil garalan meseleler geljekde ýaramaz netijelere getirip biler.Bu duýduryş durmuşyň ähli ugurlaryna degişlidir. Oýlanyşyksyz edilen satyn alyşlar aýratyn-da karza alnan zatlar soňra diňe siziň däl eýsem ýakynlaryňyzyň hem maliýe ýagdaýyna ýaramaz täsir edip biler. Gyzgynlyk bilen aýdylan sözler bolsa kärdeşleriňiz ýa-da ýolbaşçylaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzy bozup hatda işiňizi üýtgetmek barada pikirlenmäge mejbur edip biler.Şahsy gatnaşyklarda hem şoňa meňzeş ýagdaýlar ýüze çykyp biler. Şeýle-de bolsa ýakynlaryňyz size düşünmäge synanyşarlar. Gaharlanyp aýdylan sözleriňiziň hakyky pikiriňiz däldigine göz ýetirerler we size sabyrly çemeleşerler.Hepdäniň ortalary täze işe başlamak ýaran tapmak we öňden gyzyklandyrýan ugurlaryňyz bilen meşgullanmak üçin örän amatlydyr. Işde üstünlikler gazanarsyňyz. Bu esasanam telekeçilik bilen meşgullanýan Esetler üçin has aýdyň duýlar. Girdejili geleşikleri baglaşmak işiňizi giňeltmek we täze bazarlara çykmak mümkinçiligi dörär.Hepdäniň ahyrynda söýgi gatnaşyklarynda ilkinji ädimi etmek üçin amatly pursat bolar. Göwnüňizdäki adamy duşuşyga çagyrmakdan çekinmäň. Şeýle hem ýakyn adamyňyz bilen geljek barada çynlakaý gürrüň etmek we uzak möhletleýin meýilnamalary düzmek üçin amatly döwürdir. Käbir kararlaryň eýýäm kabul edilendigine düşünip olary durmuşa geçirmäge başlarsyňyz.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Eger möhüm meýilnamalaryňyz bar bolsa olary hepdäniň ilkinji günlerinde amala aşyrmaga başlaň. Bu diňe işe däl eýsem öý bilen bagly meselelere hem degişlidir. Çarşenbe gününe çenli ähli işleri üstünlikli tamamlamak has aňsat bolar.Uzak möhletleýin meýilnama düzmegi halamaýan Sünbüleler ownuk maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolup bilerler. Hepdäniň ortalary iş üçin aýratyn amatlydyr. Takyklygy ünsli bolmagy we sabyrlylygy talap edýän işler üstünlikli ýerine ýetiriler. Bu döwürde synag geçirmek ýa-da täzelik girizmek maslahat berilmeýär. Bu wagt tejribeli kärdeşleriňiziň maslahaty we goldawy size uly peýda getirer.Hepdäniň ikinji ýarymynda aragatnaşykda kynçylyklar ýüze çykyp biler. Bu esasan garyndaşlar we dostlar bilen baglanyşykly bolsa-da söýgi gatnaşyklaryna hem täsir edip biler. Öň size garşylyk görkezmeýän ýakyn adamyňyz bu gezek has tutanýerli bolar. Siz hem ony ynandyrmak islemersiňiz. Netijede ownuk jedeller ýüze çykmagy mümkin.Şeýle-de bolsa hiç biriňiz gatnaşyklary dartgynlaşdyrmak islemersiňiz. Özara eglişikleriň netijesinde düşünişmezlikler tiz çözüler. Ýöne bu meseleleri soňra duýgular köşeşenden soň ýene bir gezek asuda ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmak ýerlikli bolar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu hepde düýbünden aladasyz geçmez. Käbir kynçylyklar ýüze çykmagy mümkin ýöne umuman alanyňda oňyn täsirler agdyklyk eder. Şonuň üçin duşenbe ýa-da sişenbe güni islendik işiňiz başa barmasa ruhdan düşmäň. Iş ugrunda oňyn özgerişler bolup biler. Wezipe ýokarlanmagy ýa-da girdejiniň artmagy bilen baglanyşykly teklipleriň gelmegi ähtimal. Şeýle-de bolsa bu mümkinçilikleriň aňsatlyk bilen gelmegine garaşmaň. Täze wezipe diňe has uly üstünliklere eltjek ilkinji ädim bolar. Ony soňky maksat däl-de, ösüş üçin täze mümkinçilik hökmünde kabul ediň.Hepdäniň ilkinji ýarymynda adatdakydan has köp işlemeli bolarsyňyz. Munuň öwezine mynasyp hak alarsyňyz. Mundan hem möhümi bu döwürde gazanjak tejribäňiz geljekde has uly üstünliklere ýetmäge kömek eder.Hepdäniň ahyry has asuda geçer. Ýakynlaryňyz bilen wagt geçirmäge döredijilik bilen meşgullanmaga we halaýan güýmenjeleriňize üns bermäge mümkinçilik dörär. Şeýle hem maşgala agzalary ýa-da söýýän adamyňyz bilen syýahat etmek üçin amatly döwürdir.Söýgi gatnaşyklarynda hem oňyn ýagdaýlar agdyklyk eder. Bu köp wagtdan bäri bile ýaşaýan jübütlere-de ýaňy başlan gatnaşyklara-da degişlidir. Romantik sowgatlar ýakymly üns-aladalar we ýatdan çykmajak pursatlar garaşýar.Şeýle hem bu hepde uly ýaşly garyndaşlaryňyz bilen duşuşmak we olar bilen has ýakyn aragatnaşyk saklamak üçin amatlydyr.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu hepde bir wagtyň özünde hem iş meselelerini hem-de şahsy durmuşyňyza degişli işleri çözmeli bolarsyňyz. Mundan başga-da garyndaşlaryňyzyň birine kömegiňiz gerek bolup biler. Şonuň üçin wagtyňyzy dogry meýilleşdirmek aýratyn möhümdir.Maliýe taýdan hepdäniň ilkinji ýarymy ikinji ýarymyndan has çylşyrymly bolar. Bu esasanam telekeçilik bilen meşgullanýan ýa-da girdejisi durnuksyz bolan Akraplara degişli. Garaşylmadyk çykdajylar sebäpli käbir satyn alyşlary yza süýşürmeli bolarsyňyz.
Ýagdaýlara çynlakaý çemeleşiň. Kynçylyklaryň öz-özünden aňsat çözülmegine bil baglamaň. Mümkin bolsa karz almazlyga we hatda dostlaryňyzdan hem pul karz soramazlyga çalşyň. Munuň ýerine öz çykdajylaryňyzy azaltmak has dogry bolar.Hepdäniň ortalarynda öňden galan meseleler ýene ýatladyp biler. Bu gezek olary üstünlikli çözüp bilersiňiz sebäbi size gerek bolan adamlaryň goldawyny alarsyňyz. Şeýle-de bolsa olaryň hem geljekde sizden jogap hökmünde kömek garaşjakdygyny unutmaň. Soňra düşünişmezlik bolmaz ýaly, bu meseleleri öňünden ara alyp maslahatlaşmak maslahat berilýär.
Söýgi gatnaşyklarynda hepdäniň başy birneme dartgynly bolar. Emma ikinji ýarymynda ýagdaýlar ep-esli gowulaşar. Esasanam köp wagtdan bäri bile ýaşaýan, ýöne soňky döwürde biri-birine az wagt bölüp bilýän jübütler üçin romantik pursatlar köpelip, gatnaşyklary has-da ýakynlaşar.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu hepde siz üçin birmeňzeş geçmez. Hepdäniň ilkinji günleri ähli ugurlarda diýen ýaly örän amatly bolar. Hut şu döwürde iň möhüm işleriňizi we şahsy durmuşyňyz bilen bagly meseleleriňizi çözmäge çalşyň.
Pul girdejileriniň bolmagy we bähbitli geleşikleri baglaşmak mümkin. Ýöne gazanan serişdeleriňizi zerur däl zatlara, gymmat bahaly güýmenjelere ýa-da geljekde peýda getirmejek satyn alyşlara harçlamakdan saklanyň. Bu döwürde tygşytly we oýlanyşykly hereket etmek has ýerlikli bolar. Puly toplamak, ony biderek sarp etmekden has bähbitlidir. Eger maýa goýmagy meýilleşdirýän bolsaňyz iň ygtybarly taslamalary saýlaň.Hepdäniň ikinji ýarymynda ýagdaýlar üýtgär. Täze aladalar we üns talap edýän meseleler ýüze çykar. Iş tertibiňizi üýtgedip, işiňize adatdakydan has köp wagt bölmeli bolarsyňyz. Bu bolsa şahsy meýilnamalaryňyza täsir edip biler.Käbir Kowuslar söýýän adamy bilen duşuşygy yza süýşürmäge ýa-da öň meýilleşdirilen syýahaty başga wagta geçirmäge mejbur bolarlar. Elbetde, bu ýagdaý iki tarapyň hem göwnüne degip biler. Özara nägilelikler, öýke-kineler we düşünişmezlikler ýüze çykmagy ähtimal.Şeýle-de bolsa, bu kynçylyklar wagtlaýyn häsiýete eýedir. Duýgularyňyza erk edip, ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrmasaňyz, ähli meseleleri gysga wagtda çözmek mümkin bolar. Islendik ýagdaýda hem asudalygy saklap gepleşige taýýar boluň. Şeýle çemeleşme diňe häzirki däl, geljekki durmuşyňyzda hem size peýda getirer.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01
Bu hepdäniň esasy bölegi öň goýberilen ýalňyşlyklary düzetmek ýa-da wagtynda tamamlap bilmedik işleriňizi soňuna ýetirmek bilen baglanyşykly bolar. Munuň üçin köp tagalla etmeli bolarsyňyz. Şeýle-de bolsa diňe öň ulanan usullaryňyz bilen çäklenmän täze çemeleşmeleri synap görseňiz üstünlik gazanmak has aňsat bolar.Käbir Jediler üçin uzak wagtlap tanaýan adamlaryndan däl-de täze tanyşlaryndan maslahat we goldaw almak peýdaly bolar. Şeýle adamlar diňe gerekli maslahatlary bermän eýsem kynçylyklaryňyzy ýeke çözmeli däldigiňizi duýmaga hem kömek ederler.Maliýe taýdan hepde erbet geçmez. Käbir çykdajylar bolup biler ýöne olar garaşylmadyk ýagdaý bolmaz. Üstesine-de býujetiňizi doldurmagyň täze ýoluny taparsyňyz. Mysal üçin goşmaça iş tapmak mümkinçiligi dörär. Munuň üçin bu hepde örän amatlydyr.Şahsy gatnaşyklar babatda hepde ýeňil bolmaz. Esasanam ýaş we durmuş tejribesi entek kän bolmadyk Jediler üçin. Olar eglişik etmegi kyn görüp öz pikirlerinden dänmek islemän bilerler. Şeýle ýagdaý gatnaşyklara ýaramaz täsir edip biler.Çynlakaý dawa-jenjeller bolmasa-da birnäçe dartgynly pursatlary başdan geçirersiňiz. Şeýle-de bolsa hepdäniň ahyrynda adaty paýhasyňyz gaýdyp geler. Şonda söýýän adamyňyz bilen ähli meseleleri asuda we oňyn ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik taparsyňyz.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu hepde durmuşyňyzyň köp ugurlarynda oňyn özgerişler bolup biler. Esasanam iş babatda üstünlikleriňiz has aýdyň duýlar. Şeýle-de bolsa muny dessine duýman bilersiňiz. Duşenbe güni birneme dartgynly geçse-de, hepdäniň galan günlerinde ýagdaý kem-kemden gowulaşar we köp işler siziň peýdaňyza çözüler.Täze işe geçmek bilen baglanyşykly teklipleriň gelmegi ähtimal. Şeýle mümkinçilik öň beýle zat hakda pikir etmän ýa-da täze iş gözlemän ýören Daluwlara-da garaşyp biler. Öň bile işlän adamlaryňyz size ýene-de hyzmatdaşlyk etmegi teklip edip bilerler. Bu gezek gürrüň diňe wagtlaýyn iş hakda däl-de, uzak möhletleýin we girdejili hyzmatdaşlyk barada gider. Ýöne täze ugur size öňden tanyş bolman biler. Şonuň üçin täze bilimleri we endikleri çalt özleşdirmäge taýýar boluň.Hepdäniň ortalarynda pul bilen baglanyşykly käbir dartgynly ýagdaýlar ýüze çykyp biler. Şol döwürde geleşikleri baglaşmaga ýa-da iri satyn alyşlary etmäge howlukmaň. Çünki karar kabul etmekde howlukyp, ýagdaýy doly seljermezligiňiz mümkin. Has köp maglumat ýygnasaňyz, töwekgelçilik etmegiň häzirlikçe ýerlikli däldigine göz ýetirersiňiz.Hepdäniň ahyrynda söýýän adamyňyz bilen gatnaşyklarda düşünişmezlikler ýüze çykyp biler. Bu, esasanam köp wagtdan bäri bile ýaşaýan we umumy býujet hem-de hojalyk alyp barýan jübütlere degişlidir.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu hepde siziň üçin örän ýeňil bolmasa-da wakalar howlukmaç ösmez. Şonuň üçin öňüňizde goýlan maksatlara özüňiz üçin amatly depginde ýetip bilersiňiz. Köp Hutlar hut şu ýagdaýyň özi bilen özlerini has ynamly we rahat duýarlar.Meýilnamalaryňyzy bozup biljek garaşylmadyk ýagdaýlardan gorkmagyň zerurlygy ýok. Adatdaky tertip boýunça hereket ediň we maksadyňyza ädimme-ädim ýakynlaşyň.
Iş babatda oňyn täsirler agdyklyk eder. Bu, esasanam uly jogapkärçiligi talap etmeýän işlerde zähmet çekýän ýa-da ýolbaşçylyk wezipesini eýelemeýän Hutlara degişlidir. Gündelik işiňiz birmeňzeş we ownuk meseleleri çözmek bilen baglanyşykly bolsa, çynlakaý kynçylyklar ýüze çykmaz.Hepdäniň ahyrynda goşmaça borçlaryň ýüze çykmagy sebäpli az mukdarda pul girdejileriniň bolmagy ähtimal. Şeýle hem gymmat bahaly sowgatlary almak ýa-da ýakyn wagtda girdeji getirjek geleşikleri baglaşmak mümkinçiligi bar.
