Meksikanyň milli ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Ekwadoryň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Meksiko şäherinde geçirildi.
Gollary Hulian Kinýones (22-nji minut) we Raul Himenes (31-nji minut) geçirdi. Ikinji ýaryma goşulan wagtyň 5-nji minudynda Ekwadoryň goragçysy Pýero Inkapýe gyzyl petek alyp, meýdançadan çykaryldy.
Duşuşyk meýilleşdirilen wagtyndan güýçli ýyldyrymly ýagyş sebäpli bir sagat giç başlady.
Indiki tapgyrda Meksikanyň milli ýygyndysy Angliýa bilen DR Kongo ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bilen oýnar. 1/8 final duşuşygy hem Meksiko şäherinde geçiriler we 6-njy iýula geçilýän gije başlanar.
Meksikaly futbolçylar 1986-njy ýyldan bäri ilkinji gezek pleý-offuň ilkinji tapgyryndan geçmegi başardylar. Şol ýyl dünýä çempionaty hem Meksikada geçirilipdi we ýaryşyň ýer eýeleri çärýek finalyna çenli baryp ýetipdiler.
