SPORT

Enso Mareska Angliýanyň «Mançester Siti» toparynyň baş tälimçisi boldy

Italiýaly Enso Mareska Angliýanyň «Mançester Siti» futbol klubynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär.

Hünärmeniň klub bilen baglaşan şertnamasy üç ýyla niýetlenendir. Mundan ozal ispan hünärmeni Hosep Gwardiola toparyň baş tälimçisi wezipesinden gidipdi.

Mareska 46 ýaşynda, ol ýanwar aýynda 2024-nji ýylyň tomsundan bäri tälimçilik eden Angliýanyň «Çelsi» klubyndan boşadylypdy. 2025-nji ýylda Londonyň topary Konferensiýalar ligasynyň ýeňijisi boldy we klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy.

Mareska ozal Angliýanyň «West Hem», «Mançester Siti» we Ispaniýanyň «Sewilýa» klublarynda baş tälimçiniň kömekçisi bolup işläpdi. Şeýle hem ol Angliýanyň «Lester» toparyna ýolbaşçylyk edip, 2024-nji ýylda Angliýanyň çempionatynyň ikinji diwizionynda ýeňiş gazanypdy.

Oýunçylyk döwründe Mareska Italiýanyň «Ýuwentus», «Bolonýa», «Fiorentina», Ispaniýanyň «Sewilýa» we «Malaga» klublarynda çykyş etdi. «Sewilýa» toparynda ol iki gezek UEFA Kubogyny (häzirki Ýewropa Ligasy) gazandy, bir gezekden Ispaniýanyň Kubogynyň, Ispaniýanyň Superkubogynyň we UEFA Superkubogynyň eýesi boldy.

«Mançester Siti» geçen möwsümde Angliýanyň Kubogyny we Iňlis ligasynyň Kubogyny eýeledi.

Ýene-de okaň

1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy Kanada boldy

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlaryna 999 futbolçy gatnaşdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy