SPORT

Türkiýäniň ýeňşi: Ardanyň taryhy goly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň “D” toparynyň 3-nji tapgyrynda Türkiýe we ABŞ-nyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk tamamlandy. Oýun «Sow-Faý» (Inglwud, ABŞ) stadionynda geçirildi. Duşuşygyň baş emini bolup Mustafa Gorbal çykyş etdi. Oýun 3:2 hasabynda türk ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy.

Türkiýäniň milli ýygyndysynyň düzüminde Arda Güler, Orkun Kökçü we Kaan Aýhan tapawutlanmagy başardylar.

Arda Güleriň goly Türkiýäniň ýygyndysynyň 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyndaky ilkinji goly boldy. Şeýle hem Arda Güler Türkiýäniň ýygyndysynda dünýä çempionatynda gol geçiren iň ýaş futbolçy boldy. Ol 21 ýaş 70 gün diýlen tapawutlandy.

Mundan ozalky rekord, Emre Belezogluna degişlidi. Ol 21 ýaş 275 gün diýlende Kosta-Rikanyň derwezesine gol geçiripdi.

Amerikanlylardan bolsa gollary Oston Trasti we Sebastian Berhalter öz adyna ýazdyrdy.

Ýeňiş goluny duşuşygyň goşmaça berlen sekizinji minutynda Kaan Aýhan girizdi. Türkiýe DÇ-2026-da ilkinji utugyny gazandy.

Jemleýji tapgyrdan soň, ABŞ-nyň ýygyndysy alty utuk bilen birinji ýerde durýar. Türkiýe üç utuk bilen iň soňky orunda ornaşdy. Ikinji we üçünji orunlary bolsa hersinde dörtden utugy bolan Awstraliýa bilen Paragwaý paýlaşýarlar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy

Futbol boýunça dünýä çempionaty tomaşaçy sany boýunça rekord goýdy

Dünýä çempionatynda urlan gollar boýunça täze rekord goýuldy