SIZDEN GELENLER

Ýaş hünärmeniň ylham we tejribe mekdebi

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda daşary ýurt dilleri, aýratyn hem dünýä dilleriniň biri bolan rus dilini okatmagyň hünär derejesini kämilleşdirmäge giň şertler döredilýär. Biz — ýaş mugallymlar hem döredilýän bu mümkinçiliklerden ruhanyp, halkara derejesindäki hünär kämilleşdiriş okuwlaryna işjeň gatnaşýarys we toplan tejribämizi bilim ulgamyna ornaşdyrmaga çalyşýarys.

Şular ýaly halkara tejribe alyşmagyň çäklerinde, üstümizdäki ýylyň 18-nji maýy ile 13-nji iýuny aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde ýaş hünärmenler üçin hünär kämilleşdiriş okuwlary guraldy. Russiýa Federasiýasynyň A.M. Gorçakow adyndaky köpçülikleýin diplomatiýany goldaw gaznasy hem-de A.S. Puşkin adyndaky Rus dili döwlet instituty tarapyndan guralan bu maksatnama “InteRussia” diýlip atlandyryldy.

Munuň özi filologiýa we rus dili ugry boýunça ýaş hünärmenleriň başarnygyny artdyrmakda örän ähmiýetli ädim boldy. Men hem Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Rus dili we edebiýaty, olary okatmagyñ usulyýeti kafedrasynyň mugallymy hökmünde bu abraýly programma gatnaşmagy özüme uly mertebe hasaplaýaryn.

Täze usullaryň we medeniýetiň utgaşmasy

Okuwlar esasan A.S. Puşkin adyndaky Rus dili döwlet institutynda guralyp, onda rus dilini we edebiýatyny okatmagyň iň döwrebap, innowasion usullary barada giňişleýin pikir alyşmalar,  amaly sapaklar guraldy. Bilim beriş prosesinde sanly tehnologiýalary ulanmak, talyplaryň dile bolan höwesini artdyrmagyň täze usullary barada tejribeli professor-mugallymlar bilen pikir alşyldy. Maksatnamanyň ahyrynda hemme gatnaşyjylara hünär kämilleşdiriş okuwyny üstünlikli tamamlandygy barada ýörite halkara sertifikatlary gowşuryldy.

Guralan okuwlar diňe bir nazary sapaklar bilen çäklenmän, eýsem baý medeni çäreler bilen utgaşdyryldy. Okuwyň dowamynda Moskwanyň çäginde ýaşap, baý edebi mirasyny galdyran meşhur ýazyjy-şahyrlaryň öý-muzeýlerine gezelençler guraldy. Bu medeni gezelençler bize rus edebiýatynyň taryhy gurşawyny has ýakyndan duýmaga, şol şahsyýetleriň döredijilik dünýäsine aralaşmaga uly mümkinçilik berdi. Bu bolsa, alan bilimlerimizi geljekde sapaklarymyzda talyplara has gyzykly we täsirli görnüşde ýetirmäge ýardam eder.

Ýürek buýsanjy

Halkara hünär kämilleşdiriş okuwynyň ýokary derejede guralandygy üçin guramaçylara öz minnetdarlygymy bildirýärin. “InteRussia” maksatnamasynyñ okuwlarynda gazanan bilimlerim we toplan tejribäm geljekki pedagogik işimde, institutymyzda rus dili we edebiýaty hünärmenlerini taýýarlamakda täze belentliklere ýetmäge uly itergi berer.

Biz, ýaş hünärmenlere dünýä derejesinde ylym-bilim almaga, tejribe elemäge giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýtmak bilen, mähriban Watanymyzyň bilim ulgamynyň ösmegine mundan beýläk hem mynasyp goşant goşjakdygymyza ynandyrýarys.

Baýram Gutlyýew,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň

rus dili we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy

Ylym we bilim arkaly beýik geljege tarap

Aşgabat-arzuwlaryň ak şäheri

Türkmenistan-syýahatçylygyň mekany

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz pudagynda geljegi uly hyzmatdaşlyk

Konstitusiýa we Döwlet baýdagy – mukaddes nyşanlarymyz