Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün siziň üçin örän üstünlikli geçer. Köp ugurlarda üstünlik gazanyp hatda iň kyn meseleleriň hem hötdesinden gelip bilersiňiz. Möhüm taslamalarda öňe ilerlemek, uzak wagt bäri çözülmän galan meseleleri tertibe salmak üçin amatly mümkinçilikler dörär. Hamallaryň köpüsi maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak ýa-da girdejisini artdyrmak üçin nähili ädimleri ätmelidigine göz ýetirerler.Günüň ikinji ýarymynda  işinde gyzykly mümkinçilikler peýda bolar. Käbir teklipler özüne çekiji bolar welin, olardan ýüz öwürmek kyn düşer. Şeýle hem geljegi uly taslamalara gatnaşmak mümkinçiligini elden bermäň. Siz özüňizi  gowy tarapdan görkezip size bil baglaýanlaryň ynamyny ödäp bilersiňiz.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün sizi hoş habarlar we geljegi uly teklipler begendirer. Iş ugrunda oňyn özgertmeler bolup biler. Soňky döwürde bir ýerde durup galandygyny duýan Sowurlar üçin täze mümkinçilikler açylar. Islendik peýdaly maglumatlary çalt özleşdirjekdigiňiz sebäpli, bu gün bilim almak we täze zatlary öwrenmek üçin örän amatlydyr. Ýanyňyzda size dogry ýol görkezmäge taýýar adamlar bolar.Häzirki wagtda adaty bolmadyk çemeleşmäni we döredijiligi talap edýän meseleler Sowurlara aýratyn ýeňil düşer. Döredýän täze pikirleriňiz köpleri gyzyklandyrar. Olary durmuşa geçirmekde hem öňki, hem-de täze tanyşlaryňyz goldaw berer. Şeýle hyzmatdaşlygyň netijesinde tiz wagtda öňüňizde täze gapylar açylar.Günüň birinji ýarymy örän işjeň geçer, ikinji ýarymy bolsa has asuda bolar. Bu döwür maliýe meselelerini çözmek ýakynlaryňyz bilen bilelikdäki syýahatlar uly satyn alyşlar ýa-da maşgala emläginiň satylmagy bilen bagly meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin amatlydyr.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün dürli wakalara baý we gyzykly geçer. Käbir Jöwzalar uzak wagt bäri yza süýşürilip geliýän işlere dolanmagyň wagtynyň gelendigine düşünerler we bu dogry karar bolar. Bu gün köne işleri tamamlamak, köp wagt bäri pikir etmek islenmedik meseleleriňizi çözmek üçin amatlydyr. Size garaşmadyk adamlaryňyzdan kömek teklipleri gelip biler. Şeýle ýagdaýlarda kömegi kabul etmek maslahat berilýär, sebäbi ynamdar ýaranlary gazanmak mümkinçiligi bar.Günüň ikinji ýarymynda  işine üns berýän Jöwzalar öz ornuny berkitmegi, täsirli adamlaryň goldawyny almagy ýa-da öňki bäsdeşlerinden öňe geçmegi başararlar. Garaşylmadyk pul girdejileri ýa-da peýdaly satyn alyşlar keýpiňizi ýokarlandyrar.Söýgi gatnaşyklary babatda gün örän şowly bolar. Agşam söýýän adamy bilen syýahata ýa-da gezelenje çykýan Jöwzalara ýatdan çykmajak ýakymly pursatlar garaşýar.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Günüň başynda ownuk zatlara wagtyňyzy ýitirmäň. Bu döwür möhüm işler we çynlakaý meseleleriň çözgüdini tapmak üçin örän amatlydyr. Başgalaryň başarmadyk işlerinde üstünlik gazanyp bilersiňiz we bu siziň üstünligiňiziň ünsden düşmezligine getirer. Maliýe bilen baglanyşykly meseleleriň üstünlikli çözülmegi mümkin. Şeýle hem uzak wagt bäri habarlaşmadyk adamlaryňyzdan hoş habarlar gelip biler. Öňki işdeşleriňiz ýa-da hyzmatdaşlaryňyz gyzykly teklipler bilen ýüz tutmagy mümkin. Günüň ikinji ýarymynda  täze tanyşlyklar ýakymly bolar, ýöne ilkinji täsire doly ynanmak hökman dogry bolmaz. Durmuş tejribesi az bolan Seretanlar ýakynlarynyň maslahatlaryny diňleseler, köp ýalňyşlyklardan gaça durup bilerler.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Günüň ilkinji sagatlary aýratyn şowly geçer. Şonuň üçin möhüm işleri we wajyp duşuşyklary uzak wagta süýşürmäň. Ýagdaýlar siziň peýdaňyza öwrüler we bu mümkinçiligi öňden goýlan maksatlaryňyza ýetmek üçin peýdalanyň. Esetleriň  köpüsi döredijilikli çemeleşmegi, öz ýoluny saýlamagy we başgalaryň yzyna düşmezligi netijesinde uly üstünlikleri gazanarlar.Uzak wagt mundan öň gazanylan tejribe size peýdaly bolar.
Hoş habarlar hem-de gyzykly teklipler gelmegi mümkindir. Işde başlangyç görkezmek peýdaly bolar, sebäbi köp pikirleriňiz goldawa eýe bolar.Günüň ikinji ýarymynda daş-töweregiňizdäkiler bilen gatnaşyklarda has köp sabyr gerek bolup biler. Hemmeler sizi ilkinji gezekden dogry düşünmez, şonuň üçin ýagdaýy giňişleýin düşündirmäge taýýar boluň. Söýýän adamyňyz hemişesizden  köp üns we goldaw talap edip biler. Ony üns bilen diňläp, goldaw bermäge çalşyň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Hünär işinde möhüm ýeňişleri gazanmak üçin mümkinçilik dörär. Işiňize ünsüňizi jemleseňiz, uzak wagtdan bäri çözülmegine garaşýan çylşyrymly meseleleriň hötdesinden gelersiňiz.Ýakyn wagta  siziň işiňize  şübhe bilen garan adamlar ahyr soňy pikirlerini üýtgederler we başlangyçlaryňyzy goldarlar. Hyzmatdaşlyk baradaky teklipler gelip biler we siz olaryň käbirine uzak pikirlenmezden razy bolarsyňyz.Pul girdejileri şol sanda garaşylmadyk çeşmelerden gelýän serişdeler hem mümkindir. Häzirlikçe uly bolmadyk mukdarlar barada gürrüň gitse-de, yzygiderli hereket etseňiz, ýakyn wagtda has uly netijeleri gazanyp bilersiňiz. Şahsy durmuşda oňyn ýagdaýlar agdyklyk eder. Ýakynlaryňyz bilen söhbetdeşlik keýpiňizi göterer, käbir Sünbüleler üçin bolsa ylham çeşmesine öwrüler. Söýgi duşuşyklary ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş berer syýahatlar bolsa ýakymly täsirleri galdyrar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Günüň başynda tolgunmalardan gaçmak kyn bolup biler. Käbir ýagdaýlar meýilleşdirilişi ýaly gitmez, ownuk düşünişmezlikler we göwnüňize degiji ýalňyşlyklar ýüze çykyp biler. Garaşylmadyk ýagdaýlar meýilnamalaryňyzy üýtgetmäge ýa-da käbir duşuşyklary başga güne geçirmäge mejbur eder.Şeýle hem siz
asudalygy saklap bilseňiz, ýüze çykýan ähli kynçylyklaryň hötdesinden üstünlikli gelersiňiz. Şeýle-de bolsa, daş-töweregiňizdäki adamlaryň täsiri uly bolar. Size diňe tankyt edýän däl-de, eýsem goldaw berýän we peýdaly maslahat berýän adamlaryň ýanyňyzda bolmagyna üns beriň.Gün geçdigiçe ýagdaýlar gowulanar. Günüň ikinji ýarymynda möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, täsirli adamlaryň goldawyny gazanmak mümkin bolar. Käbir Mizanlar üçin  söýgi gatnaşyklary babatda gün örän ýakymly geçer. Garaşylmadyk ýakymly sowgatlar bolup biler. Uzak wagt bäri ýüregiňiziň töründe garaşan sözleriňizi eşitmegiňiz hem mümkin.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün hem öňki işleri tamamlamak hem-de täze taslamalara başlamak üçin örän amatlydyr. Siz işdeşleriňiziň hyzmatdaşlaryňyzyň we ýaranlaryňyzyň goldawyna bil baglap bilersiňiz. Kömek gerek bolan ýagdaýynda ol hökman wagtynda geler.Gepleşikler we iş duşuşyklary  üstünlikli geçer.Garaşylmadyk çeşmelerden hem pul serişdeleriniň gelmegi mümkindir. Käbir Akraplar  öz başlangyçlaryny görkezip, artykmaç eglişik etmese, örän bähbitli geleşikleri baglaşyp bilerler.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Näme ýagdaý ýüze çyksa-da, özüňizi ele alyň. Duýgularyň täsirinde kabul edilen kararlar köplenç üstünlik getirmez. Şonuň üçin howlukmaň köşeşip ähli zatlary içgin oýlanmaga wagt beriň. Bu esasan hem möhüm iş meselelerinde we hereketleriňiziň beýleki adamlara täsir edip biljek ýagdaýlarynda aýratyn möhümdir.
Işdeşler ýa-da ýolbaşçylar bilen düşünişmezlikler ýüze çykyp biler. Emma sypaýylyk we paýhasly çemeleşme uly jedellerden gaça durmaga kömek eder. Günüň ikinji ýarymynda  isleglere berilmezlik we hakykatdan hem möhüm maksatlaryňyzdan ünsüňizi sowmazlyk zerurdyr. Bu diňe bir iş bilen däl, eýsem şahsy gatnaşyklar bilen hem baglanyşyklydyr. Maşgalaly Kowuslar  çagalaryna has köp üns bermelidirler.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu kyn gün garaşylmadyk wakalary ýa-da habarlary getirip biler olaryň netijesinde meýilnamalaryňyzy üýtgetmeli bolarsyňyz. Ilki bilen ýagdaýlaryň örän şowsuz bolup görünmegi mümkin emma siz yza çekilmeseňiz  bu dogry karar bolar. Ýolbaşçylar ýa-da işdeşler bilen düşünişmezlikler ýüze çykmagy mümkin. Ýöne duýgulara erk etmeseňiz asudalygy we işjeň çemeleşmäni saklasaňyz bu meseleler tiz wagtda çözüler. Hemmeleri kanagatlandyrjak çözgüdi hut siz tapyp bilersiňiz we bu ünsden düşmez.
Iş ugrunda seresaplylyk köp kynçylyklardan gorar. Şübheli tekliplerden gaça duruň we abraýy şübheli adamlardan daşda duruň. Köp Jediler üçin bu gün söýýän adamynyň goldawy aýratyn möhümdir. Emma muny gazanmak üçin öz duýgularyňyzy paýlaşmak we ýüregiňizdäkileri açyk aýtmak zerurdyr.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu gün örän üstünlikli geçer. Köp Daluw  alamatynyň wekilleri geljegi uly taslamalara gatnaşmaga, öz ukyplaryny görkezmäge hem-de goldawy örän gymmatly bolan adamlaryň ünsüni çekmäge mümkinçilik alarlar. Şeýle-de bolsa iş gatnaşyklarynda diňe hünär başarnygyňyz däl  eýsem şahsy häsiýetleriňiz hem möhüm ähmiýete eýe bolar.Iş okuw ýa-da gyzyklanmalaryňyz bilen bagly çärelere gatnaşmak üçin amatly gündür. Şeýle ýerlerde geljekde ýaranlaryňyza we hakyky dostlaryňyza öwrülip biljek adamlar bilen tanyşarsyňyz. Şeýle hem dogry karar kabul etmäge ýardam berjek möhüm maglumatlary alyp bilersiňiz. Meýilnamalaryňyzy paýlaşmak hem peýdaly bolar sebäbi olary amala aşyrmagyň ýollaryny maslahat berip bilerler.Günüň ikinji ýarymy şahsy gatnaşyklar babatda örän amatly bolar. Bu wagty söýgi we mähir bilen bezemek aňsat bolar.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Günüň başynda seresaplylyk we ownuk meselelere üns bermek zerurdyr. Hatda tanyş we ýeňil görünýän işler bilen meşgul bolsaňyz hem howlukmaň. Howlukmaç kabul edilen çözgütler dogry bolmazlygy mümkin. Edýän her bir işiňize jogapkärçilik bilen çemeleşiň sebäbi bu gün garşydaşlaryňyz we bäsdeşleriňiz siziň her bir ädimiňize syn ederler hem-de ýalňyşlyklaryňyzy öz bähbitleri üçin peýdalanmaga synanyşarlar.
Oňyn ýagdaýlaryň täsiri günortandan soň has-da güýçlener we siz özüňizi has ynamly duýarsyňyz. Käbir Hutlar  uzak ýerlerden geljek örän gowy habarlar we iş bilen bagly gyzykly teklipler garaşýar.Günüň ikinji ýarymy täze pikirleri durmuşa geçirmek üçin amatlydyr. Pikirleriňiz näçe döredijilikli we üýtgeşik bolsa, şonça-da gowy netije berer. Daş-töweregiňizdäkiler siziň döredijilikli başlangyçlaryňyza ýokary baha bererler we olary amala aşyrmaga gatnaşmak islärler.Şeýle hem bu döwürde ýakymly täze tanyşlyklar bolup biler. Öň diňe gowy gürrüňlerini eşiden adamyňyz bilen söhbetdeş bolmak mümkinçiligi döräp biler.
Hormatly okyjylarymyz!