BIZNES

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

«Aýdyň Gijeler» Hojalyk jemgyýeti bilen Özbegistanyň Daşkent şäher häkimliginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada hojalyk jemgyýetiniň sosial torunda habar berilýär.

«Aýdyň Gijeler» H.J. Baş direktory bilen Daşkent şäheriniň häkiminiň arasynda resmi duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek we Özbegistan Respublikasynyň çäginde bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň netijesinde hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama Özbegistanda «Aýdyň Gijeler» H.J. täze önümçilik meýdançasyny döretmegi göz öňünde tutýar.

Taslamany amala aşyrmak üçin umumy meýdany 4 gektar bolan ýer bölegi bölünip berildi. Täze önümçilik desgasy ýurduň iri ulag-infrastruktura taslamalary üçin önüm öndürmäge gönükdiriler. Hususan-da, gurluşygy alnyp barylýan häzirki zaman Daşkent – Samarkant awtobany üçin zerur önümler öndüriler.

Önümçilik meýdançasynda ýol gorag päsgelçilikleri, ýol belgileri, yşyklandyryş diregleri we ulag howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur bolan beýleki önümler öndüriler.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga hem-de sebitiň ulag infrastrukturasynyň ösüşine möhüm goşant goşmaga mümkinçilik berer.

«Aýdyň Gijeler» H.J. Daşkent şäheriniň ýolbaşçylygyna bildiren ynamy we goldawy üçin hoşallyk bildirýär hem-de uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklaýar.

Ýene-de okaň

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

“Türkmennebit” döwlet konserni buraw turbalaryny satyn alar

“Türkmengaz” döwlet konserni polat turbalary satyn alar

Daşoguzda türkmen-özbek işewürlik forumy geçirildi

Türkmen-awstriýa tegelek stol duşuşygy geçirildi