SPORT

Dünýä çempionaty: Türkiýe utuldy, Braziliýa deňme-deň oýnady

ABŞ-nyň, Meksikanyň we Kanadanyň bilelikde gurnaýan futbol boýunça dünýä çempionaty gyzykly duşuşyklary bilen dowam edýär. Çempionatyň üçünji gününde dünýäniň 5 gezek çempiony Braziliýanyň ýygyndysy Afrika yklymynyň güýçli topary bolan Marokkonyň ýygyndysyny kabul etdi.

“C” toparçasynyň ilkinji duşuşygy 1:1 hasabynda tamamlandy. Marokkonyň ýygyndysy 21-nji minutda Saýbari bilen öňe saýlandy, Braziliýa bolsa, 32-nji minutda Winisius bilen hasaby deňledi.

“C” toparçasynyň beýleki duşuşygynda bolsa, Şotlandiýanyň ýygyndysy Gaitiniň ýygyndysyny 1:0 hasabynda utdy. Gaiti 52 ýyldan soňra dünýä çempiontynda çykyş etmek mümkinçiligine eýe boldy.

“D” toparçasynda Türkiýäniň ýygyndysy bilen Awstraliýanyň ýygyndysy duşuşdy. Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirilen duşuşyk Türkiýäniň ýygyndysy üçin garaşylmadyk netije bilen tamamlandy. Awstraliýanyň ýygyndysy 27-nji minutda Irankunda we 75-nji minutda Metkalfyň gollary bilen 2:0 hasabynda utdy.

Türkiýäniň ýygyndysy oýnuň başyndan soňuna çenli has erjel oýun görkezen tarap boldy. 30 gezek Awstraliýanyň derwezisine urgy geçirdi. Pökgä erk etmek derejesinde 72 göterimlik netije görkezdi.

Şeýle hem “B”  toparçasyndaŞweýsariýa bilen Katar duşuşdy. Duşuşyk 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlady. Şeýle hem bu duşuşykda çempionatyň ilkinji 11 metrlik jerime urgusy bellendi. Şweýsariýa duşuşykdaky ýeke-täk goluny 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.

Ýene-de okaň

“Nýu-Ýork” 53 ýyldan soňra NBA-nyň çempiony boldy

Dünýä çempionaty: ABŞ-nyň ýygyndysy rekord bilen başlady

Dünýä çempionaty başlady: Meksika we Günorta Koreýa ýeňiş gazandy

“Forbes”: dünýä çempionatyna gatnaşýan iň köp girdeji gazanýan 11 futbolçy

Dünýä çempionaty: 22 dünýä çempionatyny 43.9 million janköýer tomaşa etdi

Žoze Mourinýo 13 ýyldan soňra ýene-de “Reala” dolandy