Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşik her ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralýar.
Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.
Döredilýän amatly şertler türkmen ýaşlarynyň ylymda täze açyşlary, umuman, tehniki ösüşi şertlendirýän barlaglara bolan gyzyklanmalarynyň artmagyny üpjün edýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda yglan edilen ylmy bäsleşige ýaş alymlaryň we talyplaryň 1 müň 500-den gowragy gatnaşdy.
Olar ylmyň, tehnologiýalaryň esasy alty ugry boýunça öz işläp taýýarlamalaryny, ylmy usullaryny, ylmy barlaglaryny hödürlediler.
Bäsleşik nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlar ýaly ugurlar boýunça geçirildi. Häzirki döwürde bu pudaklarda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeler, ilkinji nobatda, milli bähbitleriň üpjün edilmegine, durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine ýetilmegine gönükdirilendir.
Bäsleşige gatnaşan ýaşlaryň 170-si ýeňijiler hökmünde saýlanyp alyndy. Abraýly bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edilen ýaşlar bu ýerde guralan dabaranyň esasy gahrymanlary boldular. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňijilere döwlet Baştutanymyzyň adyndan şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
