Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy hem-de medeni-ynsanperwer durmuşyna erkekleriň we aýallaryň deňhukukly gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen degişli Karara gol çekdi. Bu resminama döwletiň halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny görkezmek bilen birlikde, gender deňligini iş ýüzünde has-da berkitmäge gönükdirilendir. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Resminamanyň esasynda «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçün Hereketleriň milli meýilnamasy» resmi taýdan tassyklanyldy. Täze maksatnama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýal-gyzlar we erkekler üçin döredilýän mümkinçilikleri has-da giňeltmegi maksat edinýär.
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurduň ähli ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, şeýle hem ýerli ýerine ýetiriji we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna meýilnamada bellenilen çäreleriň öz wagtynda we doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
