Türkmenistanda geçirilen Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda “Azerbaýjan edebiýaty burçynyň” açylyş dabarasy boldy.
Çärede Azerbaýjanyň medeniýet ministriniň orunbasary Murad Huseýnow, Azerbaýjanyň Milli kitaphanasynyň direktory professor Kerim Tahirow, şeýle hem kitaphananyň ýolbaşçylary we jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.
Çykyşlarda Türkmenistanyň baş kitaphanasynda “Azerbaýjan edebiýaty burçynyň” döredilmegi iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösmegine hyzmat edýän şanly waka hökmünde baha berildi. Munuň Azerbaýjanyň Milli kitaphanasynyň daşary ýurtlarda döreden 19-njy “Azerbaýjan edebiýatynyň burçy” hökmünde bellenildi.

Munuň Azerbaýjan edebiýatyny, taryhyny, medeniýetini we häzirki zaman ösüşini has giňden wagyz etmek, şeýle hem daşary ýurtlarda ýaşaýan azerbaýjanlarynyň we ýerli okyjylaryň ýurt barada doly maglumat almagy taýdan uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.
“Azerbaýjan edebiýatynyň burçynda” ýurduň taryhyna, medeniýetine, edebiýatyna we häzirki zaman ösüşine degişli dürli neşirler ýerleşdirildi. Azerbaýjanyň Milli kitaphanasy tarapyndan geljekde bu burça täze kitaplar we neşirler bilen baýlaşdyrmak ugrunda işleriň dowam etdiriljekdigi mälim edildi.
