Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen- türk toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Aşgabatda geçirilen «Turkmentextile Expo – 2026» halkara sergi-ýarmarkasyna baryp gördi.

Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew sergä gatnaşýan Türkiýäniň kompaniýalarynyň sergi diwarlyklaryna aýlanyp gördi. Şeýle hem Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Türkmenistanyň Dokma senagatynyň kärhanalarynyň diwarlyklaryna baryp, şol ýerde öndürilýän türkmen dokmasynyň naýbaşy önümleri bilen tanyşdy.

Jewdet Ýylmaz Türkmenistanda ekologik taýdan arassa pagtadan öndürilýän önümlere ýokary baha berdi. Ol her diwarlykda durup, önümleriň öndüriliş aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Öz ýanyndaky wekiliýetiň agzalary bilen bilelikde Jewdet Ýylmaz türkmen pagtasyndan hem-de türkmen ýüpliginden, ýüpekden dokalan dokma önümleridir matalara haýran galandygyny belledi.
Şeýle hem türk myhmanlary Türkmenistanyň haly önümleri bilen tanyşdylar, türkmen hususy wekilleriň öndürýän önümleri bilen gyzyklandylar.
