Owganystanyň Premýer-ministri Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund Türkmenistanyň Prezidentine Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
Şol hatda şeýle diýilýär:
– Owganystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň doganlyk halkyna mübärek Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we arzuwlarymy beýan edýärin. Ähli musulman ymmatynyň rehimdarlygyny, raýdaşlygyny alamatlandyrýan bu baýramyň yslam ýurtlarynyň arasynda agzybirligiň we dost-doganlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär hem-de syýasy, söwda, üstaşyr, medeni we beýleki ulgamlarda iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk has-da ösdüriler diýip umyt edýärin.
Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.
