Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ozal habar berşimiz ýaly, häzirki döwrüň nusgalyk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň 30 müň orunlyk metjidiniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine bardy.
Milli Liderimiz bu ýerde ilçiler, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary bilen söhbetdeş boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda hajy Arkadagymyz ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda metjitleriň gurluşygyna giňden badalga berlendigini, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzyň dürli künjeklerinde dürli maksatly binalaryň, şol sanda metjitleriň gurluşygynyň yzygiderli dowam etdirilýändigini belledi.
Milli Liderimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda il sylagly ýaşulularyň işjeň gatnaşmaklarynda milli aňyýetiň pugtalandyrylandygyny, ylahyýet fakultetiniň açylandygyny belledi. Şol ugurdan ençeme ýaşlar bilim aldy. Şol ýyllarda ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda Köşüde arap doganlarymyzyň bina etmeginde Şehitler metjidi guruldy. Türk doganlarymyzyň gatnaşmagynda Ärtogrul Gazy metjidi bina edildi. Gahryman Arkadagymyz Gökdepe metjidiniň hem gurlandygy, Gypjakdaky baş metjidiň ulanmaga berlendigi we gurluşykçylarymyzyň tejribesiniň artmagy bilen, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda öz ýurdumyz tarapyndan metjitleriň gurlandygy barada maglumatlary beýan etdi. Halk Maslahatynyň Başlygy bu gün bolsa döwrebap Arkadag şäherinde 30 müň orunlyk metjidiň gurulýandygyny aýdyp, onuň gurluşygy babatda bu ýere ýygnananlaryň teklipleri ýa-da pikirleri bar bolsa, olara seretmäge taýýardygyny nygtady.
Hormatly Arkadagymyz häzirki wagtda metjidiň bezeg işlerinde ulanylýan dürli serişdeleriň, mermer daşlaryň ýakyn goňşy we dostlukly döwletlerde öndürilýändigini aýdyp, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň haýyr işleriň amal bolmagyna özboluşly goşantdygyny, munuň agzybirlikden, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinden nyşandygyny belledi.
Diplomatlar yslam dünýäsiniň mukaddes baýramy bolan Gurban baýramynda sogap işleriň berjaý ediljek binasyna gelip, hajy Arkadagymyz bilen bilelikde gurluşyk işleri bilen tanyşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar. Olar bu ýere gelmäge hem-de ýagşy dessurlara dahylly bolmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly hajy Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
