JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidentini Ga­raş­syz­lyk gü­ni bilen gutlady

Hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Il­ham Ali­ýe­we hem-de ýur­duň do­gan­lyk hal­ky­na Azer­baý­ja­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny iber­di.

“Hä­zir­ki wagt­da Azer­baý­jan yk­dy­sa­dy­ýet­de, inf­rast­ruk­tu­ra­da, me­de­ni­ýet­de uly üs­tün­lik­le­ri ga­za­nyp, dep­gin­li ösü­şi gör­kez­ýär, şeý­le hem hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, dost­luk we öza­ra dü­şü­niş­mek ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan türk­men-azer­baý­jan gat­na­şyk­la­ry­nyň hä­zir­ki dö­wür­de has dep­gin­li hem-de yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni uly ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­mek is­le­ýä­rin” di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gut­lag ha­tyn­da bel­le­di hem-de iki hal­kyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len ýa­kyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny be­ýan et­di.

Hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Prezident Il­ham Ali­ýe­we berk jan sag­lyk, bag­ty­ýar­lyk, Azer­baý­ja­nyň do­gan­lyk hal­ky­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk hem-de ro­waç­lyk ar­zuw et­di.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri diplomatlar bilen Arkadag şäherinde gurulýan metjide baryp gördi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny berdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri baýram namazyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri