JEMGYÝET

Türkmenistanda Gurban baýramy bellenýär

Şu gün ir bilen Türkmenistanyň ähli ýerlerinde metjitlerde baýram namazy okalyp, öten-geçenler ýatlanyldy. Türkmenistanlylar öňden gelýän däbe görä, janly soýup, milli tagamlary taýýarlap, yslam dünýäsiniň mukaddes baýramy bolan Gurban baýramyny belleýärler.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halky mukaddes Gurban baýramyny milli adatlara laýyklykda giňden belleýär. Baýramçylyk mynasybetli ýurduň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baý mazmunly aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri uly dabaralar bilen geçirilýär.

Üç günüň dowamynda her bir maşgalada bereketli desterhanlar ýazylyp, dürli naz-nygmatlar taýýarlanylýar. Dost-doganlygyň, agzybirligiň has-da berkemegi üçin gurbanlyk sadakalary berlip, aýat-töwir okalýar, ýagşy doga-dilegler edilýär. Ýaşlar hiňňildik uçup, gadymy dessurlary mynasyp dowam etdirýärler.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanda milli baýram — Gurban baýramy 27-28-29-njy maý günlerinde belleniler. Döwlet Baştutanynyň ýörite Permany esasynda, şol baýramçylyk günleri Türkmenistanda iş günleri däl diýlip yglan edilýär.

Ýene-de okaň

Ýaşulular geňeşi hossarsyz gyzjagaza Arkadag gyzy Gurbangül diýip at dakdy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy

“Ferrari” özüniň ilkinji elektrikli ulagyny tanyşdyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahmet Çalyga gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahmet Çalygy kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri