Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk ulgamynda ýurdumyz bilen köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýän «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Diýarymyzda möhüm ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişi baradaky meselelere garaldy.
Türkiýeli işewür türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň gazanýan uly üstünliklerine we durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere buýsanýandygyny belledi. Şeýle hem ol döwlet tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar, hususan-da, türk kompaniýalary üçin döredilýän amatly şertleri özlerine bildirilýän uly hormat hökmünde kabul edýändigini aýtdy we ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Gahryman Arkadagymyz kompaniýanyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak işlerini hem ýerine ýetirýändigini aýdyp, gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz energetika desgalaryny, saglygy goraýyş merkezlerini, atçylyk toplumyny enjamlaşdyrmakda häzirki zamanyň sanly tehnologiýalaryndan ugur alynmalydygyny, toplumlaryň işiniň ösen tejribeler we ylmyň gazananlary esasynda ýola goýulmagyna aýratyn üns berilmelidigini belledi. Aýratyn-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda athanalaryň howa çalşygyny üpjün edýän, bedewleriň saglyk ýagdaýyny gözegçilikde saklaýan tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanylmalydyr, athanalaryň düşek örtükleriniň döwrebaplygyna üns berilmelidir we bu ýerde ippoterapiýa usuly boýunça degişli çäreleri guramak üçin mümkinçilikler döredilmelidir. Munuň özi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň baş şertidir.
Ahmet Çalyk “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Stambul şäherinde geçirilen Halkara etnosport medeniýeti festiwalynda üstünlikli çykyş edip, ýokary derejeli baýraga mynasyp bolmagy bilen Gahryman Arkadagymyzy gutlady. Işewür bu festiwala Bilal Ärdoganyň hem gatnaşyp, behişdi türkmen bedewleriniň çykyşlaryna uly höwes bilen tomaşa edendigini we Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza salamyny, “Galkynyş” toparynyň gazanan ýeňşi mynasybetli gutlaglaryny iberendigini aýtdy. Şeýle-de ol Niderlandlar Patyşalygynda geçiriljek atçylyk ulgamyna degişli çärelere gatnaşmaga isleg bildirýändigini belledi. Munuň özi ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň barha artýandygyny görkezýär.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda amala aşyrylýan ähli taslamalara hemişe ylmy taýdan esaslandyrylan, innowasion hem-de ýokary netijeli çözgütleriň girizilmegini goldaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, «Çalyk Holding» kompaniýasynyň mundan beýläk-de iň täze innowasion tehnologiýalary, kämil enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda döwlet hem-de sebit ähmiýetli täze taslamalary amala aşyrmakda netijeli işleri dowam etdirjekdigine berk ynam bildirildi.
Işewür ata Watany bolan Türkmenistanda ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ynanylmagynyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtap, öz öňlerinde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.
